Türkmenistan döwletimiz halkara we sebit guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklary alyp barýar. Ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän guramalarynyň biri-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygydyr. 2019-njy ýylda ýurdumyz bu abraýly gurama başlyklyk eder.
Türkmenistan 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek wezipesini mynasyp ýerine ýetirdi. Milli Liderimiziň gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmak baradaky başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirildi. Munuň özi bilelikdäki işe täze itergi bermäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistan 2019-njy ýylda bu düzümde ýene-de başlyklyk wezipesini öz üstüne almak bilen, mundan beýläk-de däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, başlyklyk etmegiň konsepsiýasy we ony amala aşyrmagyň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürlenildi.
Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmegi GDA-nyň esasy resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylar hem-de ozal kabul edilen halkara ylalaşyklary we çözgütleri yzygiderli durmuşa geçirmäge, hyzmatdaşlygyň gün tertibini baýlaşdyrmaga gönükdiriler.
GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gün tertibinde köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ozal gazanylan ylalaşyklary, şol sanda döwletara derejesindäki ylalaşyklary durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň ençemesi durýar. Diňe soňky iki ýylyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistan Russiýa, Gazagystan, Täjigistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyklara gol çekişdi. Bulardan başga-da, dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna gol çekildi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew 2018-nji ýylda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşandygyny mälim etdi. Ol ýene-de sanlyja wagtdan GDA başlyklyk etmegiň Türkmenistana beriljekdigini belläp, türkmen döwletiniň örän baý mazmunly Konsepsiýany hödürländigini, şol Konsepsiýa laýyklykda, türkmen topragynda ençeme çäreleriň geçiriljekdigini belledi.
Milli Liderimiziň bellemegine görä, medeni hyzmatdaşlyk halklaryň ýakynlaşmagynyň hem-de olaryň arasyndaky özara hormatyň netijeli usuly bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolar. Döwlet Baştutanymyz sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine hem aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-da sportuň milli görnüşlerini goldamak we ösdürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmäge üns berer.