Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz 2017–2019-njy ýyl­lar üçin Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­na baş­lyk­lyk ed­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da bu gu­ra­ma baş­lyk­lyk ed­ýän ýur­du­myz pa­ýaw­lap bar­ýan ýyl­da köp san­ly du­şu­şyk­la­ry we çä­re­le­ri ge­çir­di. Ola­ryň iň esa­sy­sy 24-nji aw­gust­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy ýurt­la­ryň Baş­tu­tan­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gy­dyr. Mun­dan ozal, şeý­le de­re­je­dä­ki du­şu­şyk 2009-njy ýyl­da Gazagystanda ge­çi­ri­lip­di.
Bu ge­zek­ki sam­mit hem oňa gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň baş­lyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy. Esa­san hem, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ara­lyň ýa­ka­syn­da dur­muş-yk­dy­sa­dy hem-de eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy go­wu­lan­dyr­mak, suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we sag­dyn­laş­dyr­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak ýa­ly mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry giň gol­da­wa eýe bol­dy.
“Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny (AHHG) esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­tine Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew, Türk­me­nis­tan­da döw­let sa­pa­ryn­da bo­lan Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Že­en­be­kow, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew gat­naş­dy. Bu sam­mit şol bir­wagt­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň Baş­tu­tan­la­ry­nyň hem öz­bo­luş­ly ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gy­na öw­rül­di.