Pariždäki geçirilen auksion beýik fransuz ýazyjysy Marsel Prust Patrisiniň (1871-1922) mirasdüşerlerine 1,2 million ýewro getirdi. Söwdada ýazyjynyň birnäçe golýazmalary, suratlary, şeýle hem şahsy arhiwinden birnäçe hatlar goýuldy.
“Gülleriň saýasyndaky gyz” atly romanynyň golýazmalaryndan bölekler auksionyň iň gymmatly närseleriniň biri boldy. Bu golýazmalaryň parçalary alyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Netijede 25 müň ýewro bahalanan bu golýazmalaryň parçalary 111 müň ýewro satyldy. Onuň “Ýitirilen wagtyň gözleginde” atly birinji romanynyň golýazmasy 60 müň ýewro satyldy. Şeýle hem bu geçirilen auksionda Prustuň ýaşlyk döwürlerinde düşen suraty 10 müň ýewro satyldy.