Asuda asmanda ganat ýaýýan kepderä garap duran çagajygy synladyňyzmy?! Gülälekli meýdanda akly-gyzylly kebelejiklere guwanyp, ylgap ýören posalajyk balanyň gaýgy-aladasyz keşbini diýsene!.. Bularyň ählisi elýetmez bagt, durşuna gözellik. Ene hüwdüsine meýmiräp ýatan akja bäbejigi ezizlemek bagtyna taý geljek zat barmyka?! Şeýle ajaýyp pursatlar, çagalaryň şadyýan aýdymlary, bagtdan püre-pür gözlerine guwanjymyz, olaryň röwşen geljegine bolan mizemez ynamymyz Gahryman Arkadagymyzyň abadançylyk ýörelgeleriniň rowaçlanmasy bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne täze öwüşgin berýär.
Päk asmanda ganat ýaýýan ak kepderi parahatçylygyň, asudalygyň nyşany. Ak kepderi irki döwürlerden bäri parahatçylygyň ilçisi hökmünde halk döredijilik eserlerinde giňden orun alypdyr. Şoňa görä-de, bütin dünýäde parahatçylyk bilen baglanyşykly çäreler geçirilende, asmana parahatçylyk söýüjiligiň alamaty bolan akja kepderiler uçurylýar.
Bu gün hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy dünýäniň öňdebaryjy we abraýly ýurtlarynyň baýdaklarynyň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň jaýynyň öňündäki meýdançada parlaýar. Ýaşyl Tugumyzyň ýüzündäki haly gölleri bolsa, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny aňladýan nyşan bolan zeýtun agajynyň şahajyklary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Milli Liderimiziň “Janly rowaýat” kitabynda zeýtun şahasynyň antik döwürlerden bäri parahatçylygyň nyşany hasap edilendigi aýdylýar. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji Bitarap ýurdugyny, onuň dünýäni parahatçylykly ýaşamaga çagyrýandygyny aňladýar. Ak mermere beslenen gözel Aşgabat şäherimiz bolsa, ylalaşdyryjy merkez, dürli ugurlar boýunça halkara duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatda gazanan uly üstünlikleriniň biri bolup, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň we ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny, onuň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň maslahatlarynda, ýygnaklarynda dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, tebigaty gorap saklamak, energiýa serişdelerini netijeli peýdalanmak, ony ynsanyň bagtyýar ýaşamagy üçin peýdalanmak baradaky umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürmegi bilen, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan öňdengörüji we parasatly syýasatçy, başarjaň döwlet ýolbaşçysy hökmünde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 29-njy sentýabryndan 2-nji oktýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmagy hem-de çuň manyly çykyşynda dünýäde dowam edýän dartgynlylygy peseltmek, jedelli meseleleri parahatçylykly we syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek üçin “Türkmenistan Baş Assambleýanyň şu gezekki maslahatynyň özara ynamyň pese gaçmagyny ýeňip geçmäge hem-de agza döwletleriň özara düşünişmegini berkitmäge ýardam berer diýip umyt edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Abadançylyk şygary astynda geçirmek başlangyjy bilen çykyş edýär” diýip, bellemegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Çünki, dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, asuda ýaşaýşy gorap saklamak hemişelik Bitarap döwletimiziň esasy ýörelgesi bolup durýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde bu gurama gatnaşyjy 185 döwletiň hemmesiniň biragyzdan goldamagy netijesinde, 2015-nji ýylyň 3-nji iýulynda bolsa, gaýtadan bu abraýly halkara guramanyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan biragyzdan ykrar edilmegi netijesinde, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Rezolýusiýa kabul edildi.
Halkymyzdan gelen teklipler nazarda tutulyp, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilmegi halkymyzda buýsanç duýgularyny döretdi. Agzybirligi, jebisligi rowaçlyklaryň başy hasaplaýan il-ulsumyz toý desterhanynyň başynda, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Täze ýyla syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanylan ajaýyp üstünlikler bilen gadam basdy. Munuň şeýledigini “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçen 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylan beýik işler, ýetilen belent sepgitler aýdyňlygy bilen subut edýär. Bu bolsa, biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar we täze üstünliklere ruhlandyrýar. Goý, uly ynam, ýagşy umyt-arzuwlar bilen gadam basan Täze – “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylymyz halkymyz üçin abadançylygyň, rowaçlygyň we uly üstünlikleriň ýyly bolsun!
Jumagül Hojaýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.