Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, tamamlanan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda halkymyzyň saglygyny goramak, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli üpjün etmek bilen baglanyşykly işleriň tutuş tapgyry amala aşyryldy. Gözel tebigatymyzy, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyzy aýawly saklamak we artdyrmak, ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmek, ilatyň saglygyna ünsi güýçlendirmek, ýokanç we ýokanç däl keseller babatda, olaryň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almakda durmuşymyza ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn çäreler döwlet syýasatymyzyň örän möhüm ugruny emele getirýär.
Gözel ülkämiziň ajaýyp tebigy baýlyklaryny, jana tenekar howasyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini, tebigy gorlaryndan gelýän peýdany halkymyzyň bähbidine gönükdirmek maksadyndan ugur alynýar. Soňky ýyllarda gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilmegine we halkyň azyk bolçulygynyň döredilmeginde olaryň ähmiýetine, gök öwüsýän meýdanlaryň çäginiň giňeldilmegine, ýylyň bütin dowamynda ýaşyl begrese bürenýän seýilgähleriň gurulmagyna aýratyn üns-alada bilen garalýar.
Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň 14-nji maddasynda ýeriň we ýerasty baýlyklaryň, suwlaryň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we olaryň rejeli peýdalanylmaga degişlidigi bellenilýär. Munuň özi, döwletimiziň çäklerinde ilatymyz tarapyndan suwuň bisarpa ulanylmagyna ýol bermezlik, agyz suwunyň tygşytly ulanylmagyny üpjün etmek ýaly çäreleriň düzgüne girizilmegini talap edýär. Çünki lukmanlarymyzyň aýtmagyna görä, adam bedeniniň we Ýeriň dörtden üç böleginiň suwdan durýandygy, tebigatda bar bolan suwuň dünýä boýunça kesgitlenýän mukdarynyň belli bir göteriminiň içmäge ýaramlydygynyň kesgitlenilmegi suwuň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.
“Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, saglygyň hem-de ýaşaýşyň esasy çeşmeleriniň biri bolan suwy durmuşymyzda ulanmagyň düzgünleşdirilişine degişli kadalar kepillendirilýär. Munuň bilen baglanyşyklylykda, agyz suwy üpjünçiligi boýunça ýörite çäreleriň maksatnamalarynyň we ony durmuşa geçirmek babatda meýilnamalaryň işlenilip düzülmeginiň we tassyklanylmagynyň, arassa agyz suwy üpjünçiligi üçin ýörite hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň, bu ugurda zähmet çekýän işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň, daşary ýurtly hünärmenler we halkara guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmagynyň, ilatymyzyň sanitariýanyň talaplaryna laýyk gelýän agyz suwy bilen üpjün edilmeginiň we beýleki halk bähbitli çäreleriň bellenilmegi il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän milli Liderimiziň halkyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly täze many-mazmuna ýugrulan beýik başlangyçlarydyr.
Hormatly ýurt Baştutanymyzyň halkyň saglygyny goramak, ilatymyzy arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek, Ýer ýüzünde bar bolan içimlik suw gorlarynyň azalmagynyň öňüni almak, suwy tygşytly ulanmak bilen, ilatyň saglygynyň goraglylygynda aýratyn ähmiýeti bolan daşky gurşawy arassa saklamak babatdaky parasatly başlangyçlaryny goldap, biz lukmanlar bu ugurda ilatymyzyň arasynda wagyz-nesihat işlerini we hünär işlerimizi döwrümiziň talaplaryna laýyk guramaga borçludyrys. Bu borjuň berjaý edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda öňe sürýän beýik maksatly başlangyçlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagyna biziň özboluşly goşandymyz bolar, sebäbi biz lukmanlaryň gözi bilen, tebigy baýlyklarymyz saglygymyzyň sakasydyr!
Güljahan Öwezowa,
I. Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta
okuw mekdebiniň biologiýa mugallymy.