Milli Liderimiziň Täze ýylyň öňüsyrasyndaky Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda belläp geçişi ýaly, ata Watanymyz agrar ülkeden senagat taýdan ösen ýurda öwrüldi. 2018-nji ýylda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça öndürilýän önümleriň möçberleri görnetin artdy, ýokary tehnologiýaly täze kärhanalar işe girizildi.
2018-nji ýyl ýurdumyz üçin rowaçlykly, üstünlikli hem-de ýatda galyjy ýyllaryň biri boldy. Möhüm wakalaryň hatarynda Owganystanyň çäklerinde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygynyň başlanmagyny, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň we iri senagat toplumlarynyň açylmagyny, şeýle hem “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegini we beýlekileri görkezmek bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň Täze ýyl Gutlagynda belläp geçişi ýaly, geçen ýyl ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ençeme ýatda galyjy wakalar boldy. Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi, paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyry, Türkmenabat şäherinde köpugurly hassahana bilen ýaşaýyş jaý toplumy, Mary şäherinde çagalar hassahanasy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwapark we şypahana, paýtagtymyzda işewürlik toplumy, Ahal welaýatynda aýna kärhanasy, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde ýurdumyzda ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasy, Balkan welaýatynda “Garabogazkarbamid” zawody, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy ulanmaga berildi. Serhetabat – Turgundy demir ýolunyň, Türkmenabat halkara howa menziliniň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi bolsa, milli Liderimiziň baştutanlygynda Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Ine, şeýle uly wakalara hem-de üstünliklere beslenen ýyly yzda galdyran türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Täze – 2019-njy ýyly, ýagny “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylyny uly şowhun hem-de dabara bilen garşy aldy. Täze ýyl gijesi ýurdumyzyň ähli künjeginde uly dabaralar hem-de şowhunly çykyşlar guraldy. Köp öwüşginli teatrlaşdyrylan çykyşlar, belli artistleriň, ýaş estrada aýdymçylaryň, sirk artistleriniň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlar halkymyz üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Şeýle hem şowhunly çykyşlar we täsirli duşuşyklar ýatda galyjy wakalara beslendi. Belent başly Täze ýyl arçalarynyň ýanynda guralýan dabaralara gatnaşan çagalaryň şatlygyna uly adamlar hem şärik boldular.
Sagadyň dilleri 12-ä ýetende paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň asmanyny dürli öwüşginli baýramçylyk feýerwerki bezedi. Şeýlelikde, uly joşgun bilen Täze ýyly garşy aldyk.
Täze ýylymyz düşümli bolsun, hemmelere bagt, rysgal-bereket getirsin! Eziz watanymyz baky abadan, ilimiz agzybir bolsun! Türkmen halkymyzy baky bagtyýarlyga alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Döwlet ÝOLOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.