Nigeriýaly 11 ýaşly suratkeş Karim Waris Olamilekan sungat akademiýasynda ulular bilen bilelikde okaýar. Okuw mekdebiniň mugallymlary Karimiň çeken suratlaryna ýokary baha berip, onuň talyp bolmaga isleg bildirýän beýleki ýaşlardan yzda galmajakdygyny aýdýarlar. Alty ýaşyndaka surat çekmäge başlan oglanjyk 8 ýaşynda sungat mekdebine girmek kararyna gelipdir. Karimiň mugallymlary onuň akademiýa kabul edilmezinden ozal, bu ugurda hiç-hili sapak almandygyna ünsi çekip, onuň geljekde ussat suratkeş boljakdygyna ynam bildirýärler. Onuň çeken suratlary hakykata örän meňzeşligi bilen tapawutlanýar. Ýaş suratkeş, esasan, gara galam bilen karikatura, multfilmler, kitaplar we gazetler üçin illýustrasiýalar çekýär. Karimiň iň uly arzuwy öz sungat eserlerini meşhur muzeýleriň diwarynda görmek. Ol okuw sapaklarynyň sungat akademiýasyndaky işine päsgel bermeýändigini, synpdaşlarynyň arasynda-da, akademiýada-da iň ökdeleriň hataryndadygyny belleýär.