Awstraliýanyň Raýat awiasiýa howpsuzlygy edarasy (CASA) “uçýan taksi” hyzmatyny hödürleýän halkara kompaniýalaryň geljek 5 ýylyň dowamynda ýurtda hereket edip başlajakdygyny mälim etdi. Kompaniýanyň wekilleri iri şäherlerde we iş merkezleriniň töwereklerinde “uçýan taksi” hyzmatyny ýola goýmak üçin päsgelçiligiň ýokdugyny belleýärler. Edaranyň wekili Peter Gibson halkara kompaniýalaryň munuň üçin bahasy millionlarça dollarlyk hyzmatdaşlyk teklipleri hödürleýändiklerini aýdýar. Ol uçýan awtoulaglaryň dikuçary kärendesine almakdan tapawutly däldigini, emma has arzan boljakdygyny belleýär.
Gibson “Uber” tarapyndan teklip edilýän awtonom uçýan taksilerde, ilkinji nobatda, sürüji boljakdygyny, pilotsyz taksileriň bolsa, millionlarça sagatlyk uçuşdan soňra hyzmata hödürlenip bilinjekdigini aýdýar. “Uber” şeýle hyzmaty 2020-nji ýylda ABŞ-da hödürlemek üçin geçen ýylyň maý aýynda Amerikan aerokosmos edarasy (NASA) bilen şertnama baglaşypdy.