8-11-nji ýanwar aralygynda elektron enjamlaryna bagyşlanan şu ýylyň ilkinji sergisi ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçiriler. “CES 2019” sergisinde elektron senagatyndaky täzelikler, ses ulgamlary, kompýuter enjamlary, daşky gurşaw enjamlary, sanlaýyn görkezijili tehnologiýalar, saglygy goraýyşda ulanylýan ses ulgamlary, awtoulaglara degişli elektron enjamlar, multimedia enjamlary we olara degişli birnäçe täzelikler bilen tanyşdyrylar.
Öý hojalyk tehnikalaryny we smartfon öndürmegi bilen tanalýan “Samsung” kompaniýasy bu sergide “akylly” aýakgap bilen tanyşdyrar. Öndürýän harytlarynyň sanyny ýylsaýyn artdyrýan kompaniýanyň bu aýakgaplary näçe ädim ädendigiňi, näçe wagt ýörändigiňi ýa-da ylgandygyňy, umuman, gündelik hereketiň bilen bagly maglumatlary hasaplaýar. Esasan, türgenlere niýetlenen bu köwüş sporty durmuş ýörelgesi hasaplaýan ähli müşderini gyzyklandyrýar. Kompaniýa sergide “akylly” öý tehnikasyna degişli beýleki harytlaryny hem görkezer.
Ýapon tehnologiýa ägirdi “Sony” halkara gözden geçirilişde täze telefonlaryny köpçülige hödürlär. Ýeri gelende aýtsak, adatça bu sergide täze smartfon bilen tanyşdyrylmaýar. Sebäbi, olar fewral aýynda Barselonada geçirilýän MWC sergisinde görkezilýär. Şeýle hem “Apple”, “Samsung” ýaly iri kompaniýalar aýratyn tanyşdyryş dabarasy geçirýär. “Sony” bu däbi üýtgedip, sergiden bir gün öň täze smartfonlaryny tanyşdyrjakdygyny mälim etdi.
Günorta Koreýanyň LG kompaniýasy täze nesil “CineBeam” atly 4K proýektoryny tanyşdyrar. Enjam diwara ýa-da islendik tekizlige 4K durulygyndaky şekili serpikdirýär. Smartfon, dakynylýan enjam, OLED telewizor, ses ulgamlary, öý hojalyk tehnikasy ýaly enjamlary öndürýän “LG electronics” innowasiýa aýratyn üns berýär. Şol sebäpli soňky ýedi ýyldan bäri bu halkara sergide birnäçe baýraga mynasyp bolýar. Koreý kompaniýasyna bu ýylky sergide hem baýrak gowşuryljakdygy mälim edildi. Şeýl-de LG-niň sergide eplenýän ekran tehnologiýasyny hem tanyşdyrmagyna garaşylýar.