Elekt­rou­lag ön­dür­mek­de kom­pa­ni­ýa­la­ryň ara­syn­da­ky bäs­deş­lik bar­ha ýi­ti­leş­ýär. Bu ugur­da tä­ze şe­re­ket­ler dö­re­ýär, olaryň aralarynda hyz­mat­daş­lyk­lar ýo­la go­ýul­ýar. Aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri bu ug­ruň gel­je­gi­niň uly bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­ýär­ler. Mu­ny önüm­çi­li­gi ýo­la goý­lan we ýo­la go­ýul­jak mo­del­le­riň sa­ny­na se­re­de­ni­miz­de hem bil­mek bol­ýar. Ge­çen ýyl ta­nyş­dy­ry­lan nus­ga­lyk hem-de önüm­çi­li­ge taý­ýar elekt­ro­kar­la­ryň bir­nä­çe­si 2019-njy ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Ola­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gyzykly mag­lu­ma­tlary dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.
“Audi e-tron”: iki he­re­ket­len­di­ri­ji­li mo­del bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 402 ki­lo­metr ýol geç­ýär. Oňa 30 mi­nut­da 80% zar­ýad ber­mek müm­kin. Ýo­ka­ry tiz­li­gi 200 km/s ýet­ýän “e-tron” 0-100 km/s tiz­li­ge 5,5 se­kunt­da çyk­ýar. Ulag 2020-nji ýy­lyň mo­de­li hök­mün­de şu ýy­lyň do­wa­myn­da ön­dü­ri­lip baş­la­nar. Ol “Audi”-niň do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän il­kin­ji SUV mo­de­li bo­lar.
“Mercedes EQC”: bir gezekki zarýady bilen 450 ki­lo­met­re çen­li ýol ge­çip bil­ýän ula­ga 45 mi­nut­da 80% zar­ýad be­rip bol­ýar. Iki he­re­ket­len­di­ri­ji­li aw­tou­la­gyň kuw­wa­ty 402 at güý­jü­ne ba­ra­bar. Dört ti­g­ri hem birbada aý­lan­ýan yg­ty­bar­ly ula­gyň 100 km/s tiz­li­ge ýet­me­gi üçin 5,1 se­kunt ýe­ter­lik. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, “Mercedes” bäs­de­şi BMW bi­len hem bu ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la go­ýar. Yg­ty­bar­ly ulag­la­ry öndürmegi bi­len ta­nal­ýan iki ne­mes bren­di elekt­rou­lag­la­ryň ba­ta­re­ýa­la­ry­ny ön­dür­mek­de, aw­to­nom sü­rüş we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry ýa­ly ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk eder­ler.
“KIA Ni­ro EV”: bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 485 ki­lo­metr ýol ge­çip bil­jek­di­gi anyk­la­nan mo­del 54 mi­nut­da 80% zar­ýad al­ýar. Kuw­wa­ty 201 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lan mo­de­liň has ki­çi gör­nü­şin­de bu gör­ke­zi­ji 134 at güý­jü­ne deň. Ula­gyň ba­ha­sy­nyň 38 müň dol­lar­dan baş­la­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.
“Porsche Taycan”: ýo­ka­ry de­re­je­li li­tiý-ion ba­ta­re­ýa­sy bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 500 ki­lo­metr ýol geç­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ula­ga 15 mi­nut zar­ýad ber­len­de, 400 ki­lo­metr ýol geç­ýär. Onuň 100 km/s tiz­li­ge ýet­me­gi üçin ba­ry-ýo­gy 3 se­kunt ýe­ter­lik. Bu gör­ke­zi­ji ada­ty ýan­gyç­ly ulag­la­ryň hem kö­pü­sin­den ýo­ka­ry. “Volks­wa­gen AG” to­pa­ry­nyň eýe­çi­lik ed­ýän “Porsche” bren­di elekt­rou­lag­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär. Ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan brend 2020-nji ýy­la çen­li elekt­rou­lag­la­ry kä­mil­leş­dir­mek üçin 6 mil­liard ýew­ro sarp eder. 2025-nji ýyl­da “Porsche” aw­tou­lag­la­ry­nyň ýa­ry­sy elekt­rik ener­gi­ýa­ly ýa-da gib­rid bo­lar. Tä­ze ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň öz­leş­di­ril­me­gi bi­len “Porsche” elekt­ro­kar­la­ryň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny iş­läp düz­mek­de “Baye­rische Mo­to­ren Wer­ke AG”, “Da­im­ler AG” we “Ford Mo­tor Co.” ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar bi­len bäs­deş­lik eder.
“MI­NI Electric”: en­tek kuw­wa­ty we nä­çe ýol ge­çip bil­ýän­di­gi ba­ra­da anyk mag­lu­mat be­ril­me­dik mo­de­liň giň ho­wa so­ru­jy­la­ry onuň aň­sat­lyk bi­len so­wa­ma­gyna müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ula­gyň di­ňe öň­ki di­zaý­ny ada­ty MI­NI-ler­den ta­pa­wut­ly. Ulag önüm­çi­lik usu­ly ba­bat­da beý­le­ki­ler­den ta­pa­wut­la­nar. Ol Hy­taý­da üç öl­çeg­li prin­ter­ler ar­ka­ly aý­na sü­ýüm­li ma­te­ri­al­dan ön­dü­ri­ler. 3 ga­py­ly ula­gyň daş­ky şe­ki­li 1980-nji ýyl­la­ryň di­zaý­ny­na çalym edýär.