Milli Liderimiziň bu ugurdaky irginsiz aladalarynyň netijesinde, ýerli önümçiligiň möçberiniň artdyrylmagy bilen daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň möçberi yzygiderli azalýar. Oňa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen şu ýylyň ilkinji hökümet mejlisinde getirilen mysallar doly şaýatlyk edýär. Hasabat berlişi ýaly, azyk önümleriniň importunyň 27,5 göterim azalyp, şol sanda et we şöhlat önümleriniň 39,7 göterim, balyk önümleriniň 33,9 göterim, süýt önümleriniň 59,5 göterim, süýji-köke önümleriniň 48,5 göterim, unaş önümleriniň 41,9 göterim, miwe suwlarynyň we alkogolsyz içgileriň 94,1 göterim az getirilendigi bellenildi.
Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan maldarçylyk toplumlary, günebakar ýagyny, şeker, guş etini, ýumurtga, iým we beýlekileri öndürýän kärhanalar gurulýar. Olaryň öndürýän azyk önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän mukdary artýar.
Importuň ornuny tutýan harytlary öndürmek hem-de eksport önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň azyk senagatyny has-da ösdürmegiň, ilatyň dürli görnüşli hem-de ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Bu maksatnamalaryň çäklerinde oba hojalygynda we azyk senagatynda köp sanly taslamalar amala aşyrylýar. Bu ýerde döwletiň we telekeçileriň tagallalary birleşdirilip, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň her welaýatynda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär. Ýyladyşhana hojalyklary şäherleriň we obalaryň ilatyny tutuş ýylyň dowamynda ter gök önümleri bilen üpjün edýär. Şolarda pomidor, hyýar, burç, badam, kömelek, gök ot we beýlekiler ösdürilip ýetişdirilýär. Gaplanan gök önümleriň, şireli suwlaryň, içgileriň, aş, çörek we süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
2018-nji ýylyň ahyrky aýynda köp sanly iri önümçilik desgalary ulanmaga berildi. Olar esasan hem, et-süýt önümçiligi hem-de ilatymyzy dürli ter bakja önümleri bilen üpjün etmäge gönükdirildi.
Oba hojalyk önüm öndürijilerini höweslendirmek maksady bilen, şu ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. Daýhan birleşikleri we hojalyklar, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri we ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijiler 10 ýyl möhlete çenli ýeňillikli bank karzlaryny alyp bilerler.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda obasenagat toplumynda täze sepgitlere ýetiler. Bu bolsa, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna hyzmat eder.
Röwşen MUHAMMEDOW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.