Hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de tä­ze­lik­çi teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet ber­ýän mil­li Li­de­ri­miz ge­çen ýyl Türk­me­nis­tan­da 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da Ka­ra­ra gol çek­di. Kon­sep­si­ýa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi in­no­wa­si­on ösüş ýo­lu­na ge­çir­mek işi­ni çalt­lan­dyr­ma­ga, yl­my köp ta­lap ed­ýän pu­dak­lar­da iş bi­len üp­jün­çi­li­gi ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, önüm­çi­li­ge öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­ga, elekt­ron res­mi­na­ma­lar do­la­ny­şy­gy­na we şah­sy­ýe­tiň elekt­ron iden­ti­fi­ka­si­ýa­sy ul­ga­my­na do­ly geç­mä­ge ýar­dam be­rer.
San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­gyň kon­sep­si­ýa­sy­ny üç tap­gyr­da ama­la aşyr­mak mak­sat edi­nil­ýär. Bi­rin­ji tap­gyr­da (2019-njy ýyl) mi­nistr­lik­le­riň, eda­ra­la­ryň we beý­le­ki gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň dü­zü­min­de yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan döw­let eda­ra­sy­nyň, eda­ra to­pa­ry­nyň dö­re­dil­me­gi, şeý­le hem San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­nyň – ýag­ny san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mä­ge taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň “ýol kar­ta­sy­ny” iş­läp düz­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Bu tap­gyr­da de­giş­li teh­ni­ki en­jam­la­ry sa­tyn al­mak üçin bäs­le­şik­ler yg­lan edi­ler, ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­ber­le­ri kes­git­le­ni­ler, sy­nag tas­la­ma­la­ry işe gi­ri­zi­ler we ola­ry äh­li pu­dak­la­ra or­naş­dyr­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri sel­je­ri­ler.
Ikin­ji tap­gyr­da (2020 – 2023-nji ýyl­lar) san­ly ara­gat­na­şy­gyň has gi­ňiş­le­ýin we top­lum­la­ýyn or­naş­dy­ryl­ma­gy, “Bir pen­ji­re” hyz­ma­ty­nyň ös­dü­ril­me­gi, san­ly ha­sa­bat­ly­ly­gyň or­naş­dy­ryl­ma­gy we beý­le­ki­ler göz öňün­de tu­tul­ýar.
Üçün­ji tap­gyr­da (2024 – 2025-nji ýyl­lar) mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ryn­da san­laş­dyr­mak tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, ony hal­ka­ra san­ly yk­dy­sa­dy ul­ga­ma ut­gaş­dyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Türk­me­nis­tan­da dür­li pu­dak­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýet üçin bin­ýat­lyk iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Ara­gat­na­şyk we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­dak­la­ryn­da 3G, 4G, soň­lu­gy bi­len bol­sa, 5G tiz­lik­li in­ter­net we beý­le­ki hyz­mat­la­ry ulan­mak ar­ka­ly hyz­mat­la­ryň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem 2017-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da elekt­ron bi­lim ber­mek­li­giň usul­la­ry­ny iş­läp düz­me­gi göz öňün­de tut­ýan san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy ka­bul edil­di.
Mil­li Li­de­ri­miz şu ýy­lyň il­kin­ji hö­kü­met mej­li­sin­de elekt­ron hö­kü­met ul­ga­my­nyň mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gy de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra tab­şyr­dy. Mu­nuň özi hem ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň ge­ri­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer.
San­ly yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­my tu­tuş dün­ýä­de XX asy­ryň soň­ky on ýyl­ly­gyn­da peý­da bol­dy. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­my bu di­ňe in­ter­net ar­ka­ly söw­da ul­ga­my bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim, bank ul­gam­la­ry ýa­ly en­çe­me pu­dak­lar­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy diý­mek­dir. Bu ugur ar­ka­ly halk ho­ja­ly­gy­nyň iş­le­ri­niň he­re­ket­li­li­gi ýo­kar­la­nyp, öza­ra gat­na­şyk­lar ýyg­jam­la­şar.

Ahat NUR­ÝAG­DY­ÝEW,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.