Milli Liderimiziň göreldesinden ruhlanýan ildeşlerimiz eziz Watanymyzy we paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny giňeltmek boýunça geçirilýän umumymilli zähmet baýramyna gatnaşyp yhlasly zähmet çekip, goşantlaryny goşýarlar. Şonuň netijesinde sanlyja ýylyň içinde welaýatlarymyzda we paýtagtymyz Aşgabadyň töwereklerinde agaç nahallarynyň millionlarça düýbi ekildi. Adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklary ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi gorap saklamak, şeýle hem adamlara ýaşamaga, dynç almaga amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ter miweler bilen üpjün etmekde hem ähmiýeti örän uludyr. Şeýle hem eziz Diýarymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň töwereginde bag nahallaryny we arçalary oturtmak, olara yzygiderli ideg etmek işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Il-ýurt bähbitli bu işleriň netijesinde, Aşgabat şäher we welaýat häkimlikleriniň ýöriteleşdirilen hojalyklarynda ýetişdirilen bag nahallary bilen bökdençsiz üpjün edilip, olaryň ekilişine, ideg edilişine yzygiderli gözegçilik edilýär. Nahallaryň görnüşlerini saýlap almak, olary ýetişdirmek, oturtmak hem-de ideg etmek boýunça işler ylmy barlaglar esasynda işlenip düzülen agrotehnikanyň talaplaryna we ölçeglerine laýyklykda ýerine ýetirilýär. Bu babatda oba hojalykçy alymlarymyzyň, bu ugurda işleýän ylym-bilim ojaklarynyň hem tagallasy uludyr. Bu bolsa, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň dünýä derejeli forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary daşky gurşawyň hemmetaraplaýyn goralmagyna gönükdirilendir. Olar halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolup, bilelikdäki halkara ekologiýa taslamalary we maksatnamalary üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda bütin dünýäde adamzat üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan daşky gurşawy goramagyň örän möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakda ýurdumyzyň uly goşandy ykrar edilýär. Munuň özi ilkinji nobatda howanyň üýtgemegi, ýer-suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreş, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny goramak we Hazar deňziniň biologiýa köpdürlüligini gorap saklamak we beýleki köp sanly meseleler bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzyň dürli künjekleriniň toprak, howa şertleriniň aýratynlyklaryna esaslanýan tokaýlary dikeltmek, döretmek boýunça tokaýçylyk taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işlerini giň gerimlerde alyp barmak üçin täze innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, Türkmenistanyň Aralýaka sebitinde tokaýlaşdyrmak işlerini geçirmek, Garagum çölüniň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak, çölleşme hadysasynyň öňüni almak maksady bilen, süýşýän çägeleri berkitmek we çöl ýerlerini tokaýlaşdyrmak, ekerançylyk meýdanlarynda gorag tokaý zolaklaryny döretmek, gül hem-de bezeg agaçlaryny ýeterlik mukdarda ösdürip ýetişdirmek, tokaýlaryň goragyny we gözegçiligini kämilleşdirmek Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň esasy wezipeleridir.
Tebigat, daşky gurşaw bilen ynsanyň berk baglanyşyklylygy hakyndaky kanunalaýyklyga görä, her bir milletiň medeniýetiniň, sungatynyň gözelligi, dünýägaraýşynyň giňligi ýaşaýan ýeriniň tebigy öwüşginlerine gönüden-göni baglydyr. Türkmen tebigaty türkmen halkynyň baý hem köp öwüşginli medeniýetiniň ylham çeşmesidir, milli gymmatlyklarymyzyň gözellik genjidir. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge, daş-töweregimizi gorap saklamaga mynasyp goşant goşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Sähra Saýdaliýewa,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat
bölüminiň hünärmeni.