Haý­wa­nat dün­ýä­sinde haý­ra­n galdyrýan re­kord­lar­ örän köp. Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň ýö­ri­te ne­şi­rin­de (Gu­in­ness World Records: Wild Things) bu­lar ba­ra­da jik­me-jik gür­rüň be­ril­ýär. Ça­ga­la­ra we ýet­gin­jek­le­re ni­ýet­le­nen bu ki­tap­da, guş­lar, mör-mö­jek­ler, de­ňiz­de hem-de gu­ry ýer­de ýa­şa­ýan jan­dar­la­ryň iň ulu­la­ry we ki­çi­le­ri ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar bar. Ge­liň, ola­ryň kä­bi­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Ak aku­la: iň uly ýyr­ty­jy ba­lyk ha­sap­la­nyp, ola­ryň uzynlygy or­ta­ça 4,6 met­re ba­ra­bar bol­ýar. Kä­ha­lat­lar­da ola­r 6 met­re çen­li ulalýar.

Ka­pi­ba­ra: Gü­nor­ta we Or­ta Ame­ri­ka­da ýa­şa­ýan bu jan­dar­lar iň uly gem­ri­ji ha­sap­lan­ýar. Ola­ryň uzyn­ly­gy 130 san­ti­metr, bo­ýy 50 san­ti­metr tö­we­re­gi bol­ýar.
Gök kit: suw­da ýa­şa­ýan bu süý­dem­di­ri­ji­niň uzynlygy 30 metr­den geç­ýär. Ag­ra­my 200 ton­na golaýlaýar.
Af­ri­ka pi­li: gu­ry ýer­de ýa­şa­ýan iň uly jan­dar ha­sap­lan­ýar. Bo­ýy eg­ni­ne çen­li 4 met­re ýet­ýär. Ag­ra­my 10 ton­na ba­ra­bar.
Ýa­şyl ana­kon­da: iň uly ýy­la­nyň uzyn­ly­gy 8,8 met­re ýet­ýär. Ag­ra­my 220 ki­log­ra­ma çen­li bol­ýar.
Tor­ly pi­ton: dün­ýä­niň iň uzyn ýy­la­ny bo­lup, ag­ra­my 158 ki­log­ra­ma ba­ra­bar. Onuň uzyn­ly­gy 10 metr­den geç­ýär.
Guş iý­ýän möý: Dün­ýä­niň iň uly mö­ýi ha­sap­lan­ýar. Zä­he­ri bol­ma­dyk tüý­li jan­da­ryň ag­ra­my 175 gram, ulu­ly­gy 28 san­ti­met­re ba­ra­bar. Ga­ra we açyk go­ňur reňk­li bol­ýan bu möý­ler Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da we şol ýer­ler­dä­ki ada­lar­da ýa­şa­ýar.

Ži­raf: ag­ra­my 1200 ki­log­ra­ma ýet­ýän bu jan­dar­la­ryň bo­ýy 6 metr­den geç­ýär. Iň uzyn boý­ly jan­da­ryň bo­ýu­nyň üç­den bir bö­le­gi­ni onuň boý­ny eme­le ge­tir­ýär.

Ary ko­lib­ri: adyn­dan hem bel­li bol­şy ýa­ly, bu ki­çi­jik guş­la­ryň bo­ýy 5,7 san­ti­metr tö­we­re­gi. Olar açyk reňk­li gül­le­riň şi­re­le­ri bi­len iý­mit­len­ýär. Ku­ba­da ýa­şa­ýan bu guş­ja­gaz örän ça­la­syn­lyk bi­len uç­ýar. Ola­ryň ag­ra­my 1,95-2,6 gram tö­we­re­gi bol­ýar.