1956-njy ýyldan bäri her 4 ýyldan guralyp gelýän Aziýa çempionatynyň nobatdakysy, has takygy, 14-njisi 2007-nji ýylda 4 ýurtda geçirilýär. 13-nji we 14-nji Aziýa Kubogynyň arasynda 3 ýyl tapawut bolup, şeýle waka ilkinji gezek bolýar. Sebäbi tomusky Olimpiýa oýunlary bilen Aziýa çempionatynyň bir ýylda geçirilmegi guramaçylara azda-kände özüniň käbir oňaýsyz täsirini ýetirýärdi. Şol sebäpli-de Halkara Olimpiýa komiteti bilen Aziýa futbol konfederasiýasynyň ýolbaşçylary Aziýa Kubogynyň mundan soň, täk ýyllarda geçirilmegi barada ylalaşyk gazanylýar. 14-nji Aziýa çempionaty 7–29-njy iýul aralygynda yklymyň 4 ýurdunda — Indoneziýa, Malaýziýa, Tailand hem-de Wýetnam döwletlerinde geçirilýär. Çempionat ilkinji ýola 1-den köp ýurtda guralýar.
Ýaryşa 16 ýygyndy gatnaşyp, olar 4 toparçada çykyş edýärler. Aziýa futbol konfederasiýasynyň düzümine goşulan Awstraliýanyň milli topary-da bäsleşige ilkinji sapar gatnaşýar. ”A” toparçada Awstraliýa, Yrak, ýer eýelerinden Tailand hem-de Oman çykyş edip, Yrak 1-nji, Awstraliýa 2-nji ýeri eýeleýär. Tailand-Yrak, Awstraliýa-Oman duşuşyklary 1–1 deňlikde tamamlanýar. Yrak Awstraliýany 3–1, Tailand Omany 2–0 ýeňýär. 3-nji oýunlarda-da Awstraliýa Tailanddan 4–0 üstün çyksa, Oman bilen Yragyň arasyndaky oýundan gol sesi eşidilmeýär. “B” toparçadaky oýunlardan soň, Ýaponiýa bilen Wýetnam ýaryşy dowam etdirýär, BAE bilen Katar 3-nji we 4-nji orunlary eýeleýärler. Katar bilen 1–1 deňme-deň oýnan ýaponlar soňra BAE-ni 3–1, Wýetnamy-da 4–1 hasabynda utýar. Bu duşuşyklarda Takahara 3, Maki bilen Nakamura 2 gol geçirýär. BAE-den 2–0 üstün çykan Wýetnam Katar (1–1) bilenem deňme-deň oýnap, toparçada 2-nji ýeri eýeleýär. “C” toparçada Eýranyň ýygyndysy 7, Özbegistan 6 utuk toplaýar. Olaryň arasyndaky duşuşykda Eýran 2–1 ýeňýär. Hytaýlylar Malaýziýany 5–1 utýar. Özbekler 2-nji duşuşygynda Malaýziýanyň torundan jogapsyz 5 pökgi girizýär. Olaryň 2-sini meşhur hüjümçi Maksim Şatskih öz adyna ýazdyrýar. Hytaý bilen Eýranyň duşuşygynda ýeňiş gazanan bolmaýar (2–2). 3-nji oýunlarda Eýran Malaýziýany Nekunam we Teýmurianyň gollary bilen 2–0, Özbegistan bolsa, Hytaýy Şatskih, Kapadze we Geýnrihiň pökgüleri bilen 3–0 ýeňýär. “D” toparçada Saud Arabystany bilen Günorta Koreýanyň ýygyndylary Indoneziýadyr Bahreýnden öňe saýlanýar. Indoneziýa Bahreýni 2–1 utup, ýeňiş bilen başlasa-da, soňky oýunlarynda Saud Arabystanyndan 2–1, koreýlerdenem 1–0 ýeňilýär. Koreýler bilen araplaryň arasyndaky oýun 1–1 deňme-deňlikde tamamlanýar. Soňra Günorta Koreýa Bahreýnden 2–1 asgyn gelýär. 3-nji duşuşyklarda-da Saud Arabystany Bahreýni 4–0, Günorta Koreýa bolsa, Indoneziýany 1–0 utýar.
Çärýek final oýunlarynda Yrak Wýetnamy Ýunus Mahmudyň 2 goly bilen ýeňýär. Esasy wagty 1–1 deňlikde tamamlanan Ýaponiýa-Awstraliýa duşuşygynda penaltilerden soň (4–3), samuraýlar ýoluny dowam etmäge hukuk gazanýar. Edil şonuň ýaly Eýran bilen Günorta Koreýanyň duşuşygynyň esasy wagtynda ýeňiş gazanan, hatda gol geçiren hem bolmaýar. Penalti urgularynyň has köpüsini dürs ýerine ýetiren koreýler ýarym finala çykýar. Saud Arabystany bilen Özbegistanyň oýnunda-da ýeňiş araplaryň tarapynda bolýar (2–1; Al Kahtani 3, Al-Musa 75 — Solomin 82).
Ýarym finalda Yrak bilen Günorta Koreýa, Ýaponiýa bilenem Saud Arabystany duşuşýar. 1-nji oýunda hasap açylmaýar. Finalçy penaltilerden soň, belli bolup, 4–3 öňe saýlanan Yrak taryhynda ilkinji gezek finala çykmagy başarýar. Çekeleşikli geçen oýunda-da 3–2 ýeňiş gazanan araplar 6-njy gezek finala adyny ýazdyrýar. 2 sapar öňe saýlanan araplara ýaponlar 3-nji gezek jogap berip bilmeýär (Al-Kahtani 35, Muaz 47, 57 — Nakazawa 38, Abe 53).
Final duşuşygyndan 1 gün öň oýnalan bürünç medal ugrundaky duşuşykda penaltilerden soň (6–5), G. Koreýa Ýaponiýadan üstün çykyp, 3-nji gezek 3-nji ýeri eýeleýär. Oýnuň esasy wagtynda hasap açylmaýar.
Çempionatyň final duşuşygy Indoneziýanyň paýtagty Jakartadaky “Gelora Bung Karno” stadionynda oýnalýar. 60 müň janköýeriň tomaşa eden duşuşygyna awstraliýaly Mark Şild eminlik edýär. Ýunus Mahmudyň 73-nji minutda kellesi bilen geçiren goly Yraga ýeňiş getirýär. Bu çempionlyk tutuş dünýäde uly seslenme döredýär we taryhdaky az sanly garaşylmadyk ýeňişleriň hataryna goşulýar.
Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip, yraklylaryň çempionlyk gazanmagyna uly goşant goşan Ýunus Mahmud saýlanýar. Iň netijeli hüjümçi baýragyny-da 4 gol geçiren 3 futbolçy paýlaşyp, olaryň biri Ýunus Mahmud, beýlekileri-de Ýasser Al-Kahtani bilen Naohiro Takaharadyr.