“Hyundai” kompaniýasy “Elevate UMV” atly dürli ýol şertlerinde ýöräp bilýän nusgalyk awtoulagyny tanyşdyrdy. Ulagyň halas ediş, tiz lukmançylyk kömegi we beýleki ýagdaýlarda ulanmak maksady bilen, peýdalanyljakdygy bellenilýär. Ony robot ýaly hereket edip bilýän awtoulag diýip atlandyrsa hem bolar. Medeni zolakdan uzak ýerlere gidilende ýa-da tebigy betbagtçylyklar bolanda bu ulag dürli päsgelçiliklerden geçmäge niýetlenen. Ulagyň her bir tigri açylýan tirsek görnüşli gurluşa birikdirilip, ýolsuz ýerlerden aňsatlyk bilen geçýär. Elektrokaryň bazasynda döredilen “Elevate”-iň kabinasyny hem üýtgedip bolýar. Şeýlelikde, dürli maksatly awtoulaglary gysga wagtda taýýarlamak mümkin. Ulagyň her tigrinde bir hereketlendiriji oturdylypdyr. Şeýlelikde ulag bir ýa-da iki tigri howada duran ýagdaýynda hem ýoluny dowam etdirip bilýär. Eger hiç hil ýol ýok bolsa, tigirlerini doňduryp, ýöräp hem bilýär. Ulag 1,5 metrlik beýiklikden ýa-da giňligi 1,5 metr bolan çukurlardan geçip bilýär. Şeýle hem ulag basgançakdan hem çykyp bilýär. Innowasion ulag koreý kompaniýasynyň 2017-nji ýylyň noýabrynda esaslandyrylan CRADLE bölümi tarapyndan işlenip düzülipdir.
Sergide köp wagtdan bäri uly tagalla edilýän uçýan awtoulag nusgalaryny hem görmek bolýar. “Bell Nexus” şereketi hem alty hereketlendirijili, dikligine howa göterilip bilýän täze ulagyny görkezdi. “Safran Helicopter Engines” şereketi bilen bilelikde öndürilen ulag uzak aralyga uçup bilýär. Täze ulag taksiçilik hyzmatyny ýerine ýetirýän “Uber”-iň müşderilerine hödürlener. Jemi 5 orunlyk ulag hem özbaşdak hereket edýär, hem-de sürüji tarapyndan dolandyrylýar. Ilkinji satuwa çykaryljak ulaglary sürüji dolandyrmaly bolar.
Ilkinjisi 2013-nji ýylda çykarylan “Mercedes-Benz CLA” seriýasynyň täze nesli taýýar edildi. Modeliň birinji neslinden 48 mm uzyn bolan (4688 mm) we 53 mm giň bolan (1850 mm) täze 4 gapyly ulag CLA seriýasynyň sport ulagyna meňzedilipdir. Tanyşdyrylyş dabarasynda kuwwaty 225 at güýjüne barabar 2 litr göwrümli hereketlendirijili görnüşi görkezilen hem bolsa, onuň 1,3 litr benzinli, 1,5 litr we 2,0 litr dizel motorly görnüşleri hem bolar. Şu ýylyň dowamynda kompaniýanyň CLA 35 we CLA 45 nusgalarynyň Wengriýadaky zawodynda önümçiligine başlanjakdygy mälim edildi.
Şeýle hem nemes brendi ýörite sargyt bilen dürli ýol şertlerine niýetlenen kiçi görnüşli ýük ulagyny hem tanyşdyrdy. “Unimog” atly ulag 120 sm-e çenli çuňlukdaky suwlardan geçip bilýär hem-de 38 dereje ýapgyt ýolda ýöremäge ukyply. Onuň “Euro 6” standartlarynda öndürilen 5,1 litr göwrümli hereketlendirijisiniň kuwwaty 231 at güýjüne barabar. 7 orunlyk “Unimog”-yň diňe ýolsuz ýerler üçin däl, eýsem, şäher ýerlerinde sürmäge niýetlenen nusgalary hem bar. “U 4023” modeli 3 tonna, “U 5023” modeli 7,5 tonna ýük göterýär. Ýük ulagynyň 200 müň ýewrodan sargyt bilen satylýandygy mälim edildi.
Sergide tanyşdyrylan “Byton M-Byte SUV” atly ulag äpet ekrany bilen tapawutlanýar. Rahatlygy bilen tapawutlanýan ulag awtonom aýratynlyklary bilen sürüjiniň işini ep-eli derejede ýeňilleşdiripdir. Tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edilen ulagyň içinde 49 dýuýmlyk ekran bar. Yzdaky ýolagçylara niýetlenen 7 dýuýmlyk ekranlary bilen internetden aýdym-saz diňlemek we beýleki zatlara güýmenmek mümkin. Köpçülikleýin önümçiliginiň ýola goýulmagy üçin tagalla edilýän ulagyň bahasynyň 45 müň dollar boljakdygy aýdylýar. Ulag doly zarýady bilen 523 kilometr ýol geçýär.