Elekt­rou­lag önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy “Nis­san”-yň “Le­af” mo­de­li­niň ozal­ky nus­ga­sy bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 241 km ýol ge­çip bil­ýär. Elek-t­rou­lag ba­za­ryn­da uly is­leg­den paý­da­lan­ýan mo­de­liň “Nis­san LE­AF e+” at­ly tä­ze gör­nü­şin­de bu gör­ke­zi­ji­niň 363 km bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Bu bol­sa, oza­ky­dan 40% köp diý­me­gi aň­lad­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň iş­gär­le­ri tä­ze mo­de­li iş­läp dü­zen­le­rin­de müş­de­ri­le­ri­niň is­leg­le­ri­ni we bel­lik­le­ri­ni na­zar­da tu­tup­dyr­lar. Hal­ka­ra ser­gi­sin­de ta­nyş­dy­ry­lan ula­gyň nä­çe wagt­da zar­ýad al­ýan­dy­gy en­tek mä­lim edil­me­di. Tä­ze ula­gyň at güý­jü­niň hem has kuw­wat­ly bol­jak­dy­gy aý­dyl­dy. Ozal­ky mo­de­li­niň kuw­wa­ty 147 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lan “Le­af”-iň tä­ze gör­nü­şin­de bu gör­ke­zi­jiniň 215 at güý­jü­ne ba­ra­bar bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. 100 km/s tiz­li­ge 6 se­kunt­da ýet­ýän ulag şu ýy­lyň or­ta­syn­da Ýew­ro­pa ba­za­ry­nda 46 müň ýew­ro­dan sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.