Kuw­wat­ly mo­to­sikl­le­ri ön­dür­mek­de dün­ýä bel­li “Har­ley David­son” kom­pa­ni­ýa­sy ge­çen ýy­lyň no­ýab­ryn­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän il­kin­ji mo­to­sik­li köp­çü­li­ge ta­nyş­dy­ryp­dy. “LiveWi­re” at­ly mo­to­ryň şu ýy­lyň aw­gus­tyn­da müş­de­ri­le­re ýe­ti­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. Daş­ky di­zaýny, kuw­wat­ly­lyk ba­bat­da beý­le­ki mo­tor­lar­dan ta­pa­wu­dy bol­ma­dyk ulag bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len şä­he­riň için­de 175 km ýol geç­ýär. 0-100 km/s tiz­li­ge ba­ry-ýo­gy 3,5 se­kunt­da ýe­tip bil­ýän ula­ga bir sa­gat zar­ýad ber­len­de 21 km ýol geç­ýär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bu ugur­da bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri iş­le­ýän “Ze­ro Mo­torcycles” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mo­tor­la­ry bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 260 km ýol geç­ýär. Öňün­dä­ki 4,3 dýuým­lyk sen­sor ek­ra­nyn­da onuň nä­çe zar­ýa­dy­nyň ga­lan­dy­gy­ny, ýe­ne-de nä­çe km ýol ge­çip bol­jak­dy­gy­ny we beý­le­ki mag­lu­mat­la­ry gö­rüp bol­ýar. Tä­ze mo­tor üçin 29 müň 799 dol­lar­dan sar­gyt ka­bul edilip baş­lan­dy. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, in­že­ner­ler ula­ga mah­sus bo­lan se­si hem göz öňün­de tu­tup­dyr­lar.
Gib­rid ýa-da di­ňe elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän aw­tou­lag­la­ryň bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri sa­tyl­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, en­tek beý­le mo­to­sikl o di­ýen köp däl. Mo­tor ön­dü­ri­ji öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa bo­lan “Har­ley David­son” gel­je­gi uly bo­lan bu ba­zar­dan hem ýe­ter­lik paý al­ma­gy mak­sat edin­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň 2022-nji ýyl­dan baş­lap, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän, şä­her için­de sür­mä­ge ni­ýet­le­nen has ýe­ňil we ki­çi mo­tor­la­ry sa­tu­wa çy­ka­rylar.
“Novus” şe­re­ke­ti hem elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän mo­to­sikli bilen ta­nyş­dyr­dy. Ýe­ňil ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ri­len ula­gyň bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len geç­ýän ýo­ly 100 km. Iň ýo­ka­ry tiz­li­gi 100 km/s bo­lan ula­ga 80 % zar­ýad ber­mek üçin bir sa­gat ýe­ter­lik. Ag­ra­my 85 kg bo­lan ulag 39 500 dol­lar­dan sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.