Ne­bit ýan­gyç­ly aw­tou­lag sa­tu­wy­ny 2025-nji ýy­la çen­li ýa­tyr­ma­gy mak­sat edin­ýän Nor­we­gi­ýa­da gib­rid we elekt­rou­lag sa­tu­wy ýo­kar­lan­ýar. Ýew­ro­pa­da öň­de­ba­ry­jy ne­bit eks­port­çy ýurt­la­ryň bi­ri bo­lan bu ýurt­da ge­çen ýyl sa­ty­lan ulag­la­ryň ýa­ry­sy gib­rid ýa-da elekt­rou­lag gör­nüş­li bo­lup­dyr. Ýurt­da iň köp “Nis­san Le­af” mo­de­li ýer­le­nip­dir. 2018-nji ýyl­da elekt­rou­lag sa­tu­wy 40% ýo­kar­la­nyp­dyr. Ýurt­da ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­ýan ulag­lar üçin ýe­ňil­lik dö­re­dil­ýär. 2013-nji ýyl­da sa­ty­lan ulag­la­ryň 6%-i elekt­ro­kar ýa-da gib­rid bo­lan bol­sa, bu gör­ke­zi­ji 2017-nji ýyl­da 39%-e ýe­tip, dün­ýä­de bi­rin­ji bol­dy. Hal­ka­ra Ener­gi­ýa Agent­li­gi­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu ugur­da 12% bi­len Is­lan­di­ýa ikin­ji ýer­de dur­ýar. Üçün­ji ýer Şwe­si­ýa (6%) de­giş­li. 2017-nji ýyl­da Nor­we­gi­ýa­da 159 müň aw­tou­lag sa­ty­lyp­dyr. Ge­çen ýyl sa­ty­lan tä­ze aw­tou­lag­la­ryň sa­ny 148 mü­ňe dü­şüp­dir. Ýurt­da elekt­rou­lag­la­ryň im­por­ty, sa­tuw sal­gy­dy, ha­sa­ba alyş tö­le­gi ýok. Şeý­le hem bu ulag­lar üçin tö­leg­siz aw­to­du­ral­ga­lar we aý­ra­tyn ýol­lar bar. Zar­ýad be­riş be­ket­le­ri hem köp ýer­de el­ýe­ter­li.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Nor­we­gi­ýa­da­ky elekt­ro­kar­la­ryň eýe­le­ri­niň 90 gö­te­ri­mi azyn­dan hep­de­de bir ge­zek ula­gy­na öýün­de zar­ýad ber­ýär. ABŞ-da we Hy­taý­da elekt­rou­lag sa­tu­wy­nyň pa­ýy de­giş­li­lik­de 1 we 3 gö­te­rim tö­we­re­gi.