Hy­ta­ýyň Şenç­žen şä­he­rin­de be­ýik­li­gi 700 met­re ba­ra­bar bolan köp gat­ly bi­na­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ol ýur­duň iň be­ýik, dün­ýä­niň bol­sa üçün­ji uly bi­na­sy bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da bi­rin­ji­li­gi Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­dä­ki Burj-Ha­li­fa (828 metr) binasy eýe­le­ýär. Ýö­ne 2013-nji ýyl­da gur­lu­şy­gy baş­la­nan we 2020-nji ýyl­da ta­mam­lan­ma­gy göz öňün­de tu­tu­lýan Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nda­ky “Jed­dah To­wer” bi­na­sy­nyň be­ýik­li­gi 1000 metr, ýag­ny 1 ki­lo­met­re deň bo­lar. Şon­dan soň­ra bi­rin­ji­lik bu bi­na ge­çer.
Hy­taý­da gu­rul­jak köp gat­ly bi­na­da eda­ra bi­na­la­ry, söw­da mer­ke­zi, myh­man­ha­na, ho­wuz we beý­le­kiler ýer­le­şer. Onuň syn­la­ýyş mer­ke­zi öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nar.
“Ad­ri­an Smith + Gor­don Gill” bi­na­gär­lik eda­ra­sy bu tas­la­ma­nyň üs­tün­de iş­le­ýär. Ola­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bi­na­nyň aý­na­dan ýa­sa­lan di­wa­ry­ her gi­je dür­li yşyk­lan­dy­ryş aý­ra­tyn­ly­gy bi­len özü­ne çe­ker.