Ulag ul­ga­my ýur­duň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­si­dir. Halk ho­ja­ly­gy­nyň ag­la­ba pu­da­gy­nyň ösü­şi ulag ul­ga­my bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Pu­dak­lar­da ön­dü­ril­ýän önüm­ler müş­de­ri­le­ri­ne ulag ul­ga­my ar­ka­ly ýe­ti­ril­ýär. Şo­nuň üçin ulag ul­ga­my­nyň kä­mil hem-de döw­re­bap bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek ze­rur bo­lup dur­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ulag ul­ga­my­nyň saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär. Bu ug­ra köp muk­dar­da ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek bi­len hä­zir­ki za­man ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ga­ra ­ýol­la­ryň, köp­rü­le­riň, po­lat ýol­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy­na şert dö­red­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz tä­ze ýy­lyň il­kin­ji aýyn­da ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­my­ny has-da ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len iri tas­la­ma­nyň gur­lu­şy­gy ba­bat­da “Aş­ga­bat – Türk­me­na­bat” ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­ny gur­mak ha­kyn­da” Ka­ra­ra gol çek­di. Bu iri tas­la­ma ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­ne yna­nyl­dy. Aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň des­ga­la­ry­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek hem-de ola­ry ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dy­ryp gur­mak iş­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy “Türk­men Aw­to­ban” ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­ne yna­nyl­dy. Tas­la­ma­ny “Al­tyn ne­sil”, “Oguz ýol”, “Hyz­mat mer­ke­zi” ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri­niň we “Nu­saý ýol­la­ry” hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň kon­sor­siu­my gu­rar.
Bu tas­la­ma hä­zir­ki wag­ta çen­li türk­men te­le­ke­çi­le­ri­ne yna­ny­lan iş­le­riň iň iri­si­dir we gym­mat­ly­sy­dyr. Ol je­mi ýe­di gat­lak­dan, ýag­ny top­rak­dan, geo­teks­til dü­şe­gin­den, ça­gyl-çä­ge we ow­ra­dy­lan çä­ge ga­ryn­dy­la­ryn­dan öý­jük­li, gyz­gyn iri dä­ne­li we gyz­gyn ow­nuk dä­ne­li as­falt ör­tük­le­rin­den yba­rat bo­lar. Aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň baş­lan­gy­jy, “Aş­ga­bat – Da­şo­guz” aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň 24-nji ki­lo­met­rin­de gu­rul­jak aý­law gör­nüş­li çat­ryk­dan baş­la­nyp, Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň ýa­nyn­da gu­rul­jak deň de­re­je­li aý­law­ly çat­ry­gyn­da ta­mam­la­nar. Onuň ug­run­da uly tö­leg ter­mi­nal­la­ry­nyň 2-si, ki­çi tö­leg ter­mi­nal­la­ry­nyň hem 6-sy bo­lar. Ýo­luň ug­ry bo­ýun­ça dü­kan, der­man­ha­na, mo­tel, na­har­ha­na, ýan­gyç gu­ýu­jy be­ket, ulag­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri üçin du­ral­ga meý­dan­ça­la­ry, ga­ly­ber­se-de, teh­ni­ki hyz­mat­lar üçin des­ga­lar, ýa­şyl meý­dan­ça­la­ry gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Tas­la­ma­ny 2019-njy ýy­lyň ýan­war aýyn­dan 2023-nji ýy­lyň de­kabr aýy­na çen­li 3 tap­gyr­da gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Tas­la­ma la­ýyk­lyk­da, umu­my uzyn­ly­gy 600 ki­lo­met­re, ini bol­sa 34 met­re ba­ra­bar bo­lan bu ýol ýo­ka­ry hal­ka­ra öl­çeg­ler esa­syn­da aba­dan­laş­dy­ry­lar. Aw­to­ba­nyň Aş­ga­bat – Te­jen bö­le­gi­ni 2020-nji ýy­lyň de­kabr aýy­na, Te­jen – Ma­ry bö­le­gi­ni 2022-nji ýy­lyň de­kabr aýy­na, Ma­ry – Türk­me­na­bat bö­le­gi­ni 2023-nji ýy­lyň de­kabr aýy­na çen­li do­ly taý­ýar edip ulan­ma­ga ber­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
“Aş­ga­bat – Türk­me­na­bat” ýokary tizlikli aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň çe­kil­me­gi lo­gis­ti­ki hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr dü­zü­mi­ni gi­ňelt­mä­ge, goň­şy ýurt­la­ryň ara­syn­da söw­da do­la­ny­şy­gy­ny, eks­port we üs­ta­şyr ha­ryt­la­ryň muk­da­ry­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Muhat Jumabaýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.