Ame­ri­kan ýa­zy­jy ze­na­ny Har­per Li­niň “Bil­bi­liň öl­dü­ril­me­gi” ro­ma­ny ame­ri­kan­la­ryň iň eý gör­ýän ki­ta­by bo­lup çyk­dy. Mu­ňa PBS te­le­ýaý­ly­myn­da ber­len “The Great Ame­rican Re­ad” gep­le­şi­gin­de mä­lim edi­len ses­le­riň ne­ti­je­le­ri şa­ýat­lyk ed­ýär. Iň meş­hur ki­ta­byň saý­la­wy al­ty aý do­wam edip, şol döw­rüň için­de 4 mil­li­on tö­we­re­gi ses be­ril­di. Bäs­le­şi­ge däp bo­ýun­ça ýüz ki­tap gat­naş­dy­ryl­dy. Ola­ryň sa­na­wy hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan 7 müň ame­ri­ka­ly oky­jy­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len pi­kir so­raş­ma esa­syn­da dü­zül­di. Bäs­le­şi­giň şert­le­rin­de ki­ta­byň iň­lis di­lin­de ýa­zy­lan­dy­gy däl-de, eý­sem, onuň Ame­ri­ka­da ne­şir edi­len­di­gi göz öňün­de tu­tul­dy.
Iň meş­hur eser­le­riň bäş­li­gi­ne Dia­na Gebl­do­nyň “Ýat ýurt­ly ze­nan”, Jo­an Rou­lin­giň “Gar­ri Pot­ter”, Jon Tol­ki­niň “Ýü­zük­le­riň hö­küm­da­ry”, Jeýn Os­ti­niň “Buý­sanç we ýa­lan ynam” ýa­ly ro­man­la­ry gir­di. Em­ma Har­per Li­niň ro­ma­ny hem­me­sin­den öňe saý­lan­dy.
Gep­le­şi­gi alyp ba­ry­jy Me­re­dit Wi­eý­ra: “Bil­bi­liň öl­dü­ril­me­gi” ses ber­li­şi­giň bi­rin­ji gü­nün­de li­der­li­gi­ni sak­la­dy we he­ni­ze çen­li öz or­nu­ny el­den be­re­nok – di­ýip bel­läp geç­di. Ame­ri­kan­la­ryň eý gör­ýän ro­ma­ny 1960-njy ýyl­da ne­şir edil­di we tiz wagt­da iň köp sa­ty­lan ki­tap­la­ryň bi­ri bo­lup, 1961-nji ýyl­da Pu­lit­se­r baý­ra­gy­na my­nyp bol­dy. Ki­tap esa­syn­da 1962-nji ýyl­da film ek­ran­laş­dy­ry­lyp, iň oňat ame­ri­kan film­le­ri­niň 100-lü­gi­ne gir­di.