Amerikaly Robert Straud 84 ýyldan soň, kitaby kitaphana gaýtaryp berdi. Luiziana ştatynyň Şriwport şäheriniň ýaşaýjysy ejesiniň 1934-nji ýylda öz okyjy bileti bilen alan kitabyna 1500 dollar jerime töledi. Straud unudylan kitaby ejesiniň goşlaryny tertibe salyp ýörkä tapypdyr. Bu eser “Spun-Riweriň antologiýasy” atly goşgular ýygyndysy eken. Onuň gaýtarylmaly möhleti 84 ýyl mundan ozal tamamlanypdyr. Amerikaly birbada çekinip, özüni tanatman, eseri kitaphanada goýup gaýdypdyr. Soňra wyždany ejir berip, günäsini boýun alyp, jerime tölemeli diýen karara gelipdir.
– Men öz ýakynlarym bilen maslahat edenimden soň, merhum ejeme hormat hökmünde jerimäni tölemeli diýen karara geldim – diýip, Straud aýtdy.
ABŞ-nyň kanunlaryna laýyklykda, kitaphana jerimesiniň ortaça mukdary 3 dollardan ybarat. Emma Straud köne kada-kanunlara eýerip, her gün üçin bäş sentden töledi. Netijede, 1500 dollar möçberindäki jerime tölemeli boldy. Kitaphananyň direktory Jon Tagl: – Bu waka ähli kitapsöýüjilere sapak bolmalydyr, kitaby kitaphana gaýtaryp bermek hiç haçan giç däldir – diýdi.