14-nji ýan­war­da ABŞ-nyň Mi­çi­gan şta­tyn­da­ky Det­ro­it şä­her­in­de De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka Hal­ka­ra aw­tou­lag ser­gi­si öz işi­ne baş­la­dy. Her ýy­lyň ba­şyn­da ge­çi­ril­ýän ser­gi­niň do­wa­myn­da jip­ler, ýo­ka­ry tiz­lik­li se­dan­lar, elekt­ro­kar­lar we az san­ly ön­dü­ril­jek aşa kuw­wat­ly aw­tou­lag­lar gör­ke­zil­ýär. Iki hep­de­läp do­wam ed­ýän çä­rä­niň çäk­le­rin­de aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­bat­da şert­na­ma­lar hem bag­la­şyl­ýar.

Soň­ky ýyl­lar­da aw­tou­lag ser­gi­le­ri­ne gat­naş­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň aza­lan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Se­bä­bi, bi­rin­ji­den-ä, hal­ka­ra ser­gi­si­ne gat­naş­mak örän gym­mat, ikin­ji­den hem, aw­tou­lag gör­nüş­le­ri­niň kö­pel­me­gi bi­len ba­zar doý­gun­ly­ga ýet­di. Ser­gi­de dün­ýä bel­li aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­ler bu ýe­re, esa­san, ame­ri­kan ba­za­ry­na ni­ýet­le­nen ulag­la­ry­ny ge­tir­ýär­ler. Ser­gi­de öý eýe­si 3kom­pa­ni­ýa (“Cadil­lac”, RAM we “Ford”) tä­ze ulag­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Ýew­ro­pa­ly brend­le­riň ara­syn­dan bol­sa, di­ňe VW tä­ze mo­de­li­ni ta­nyş­dyr­dy. Azi­ýa­ly önüm ön­dü­ri­ji­le­riň aw­tou­lag­la­ry bol­sa, has ag­dyk­lyk et­di. Şeý­le hem “Toyo­ta”-nyň köp ýyl­dan bä­ri ga­ra­şyl­ýan “Sup­ra GR” mo­de­li­niň tä­ze nus­ga­sy ta­nyş­dy­ryl­dy. BMW-niň Z4 mo­de­li­niň he­re­ket­len­di­ri­ji­si otur­dy­lan bu ulag 60 müň dol­lar­dan sa­ty­lar. Ýa­po­ni­ýa­nyň beý­le­ki aw­tou­lag ägir­di “Su­ba­ru” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hem “WRX STI S209” mo­de­li köp­çü­li­ge hö­dür­len­di. Ba­ry-ýo­gy 500
sa­ny­sy ön­dü­ril­jek ula­gyň 2,5 litr­lik
tur­bo ben­zin­li mo­to­ry we 341 at güý­jü­ne ba­ra­bar kuw­wa­ty bo­lar.

Gib­rid we elekt­rou­lag­la­ryň il­ki ki­çeň­räk gör­nüş­le­ri çy­karylan bol­sa, in­di has uly göw­rüm­li ma­şyn­la­r hem bu teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­lan­ýar. “Nis­san” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň lýuks ulag­la­ry ön­dür­ýän “In­fi­ni­ti” bren­di “QX Ins­pi­ra­ti­on Concept” at­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän nus­ga­lyk ula­gy­ny ta­nyş­dyr­dy. Bu ser­gä gat­naş­ýan ulag­la­ra di­zaýn ug­ry bo­ýun­ça baý­rak ber­ýän “Eye­sOn­De­sign” tä­ze ula­ga “Iň go­wy nus­ga­lyk ulag”, “Iň tä­ze­çil reňk, gra­fi­ka we ma­te­ri­al” hem-de “Iň go­wy iç­ki di­zaýn” baý­rak­la­ry­ny ber­di. Baý­rak 7 öl­çeg göz öňün­de tu­tu­lyp, 30 hü­när­me­n ta­ra­pyn­dan be­ril­ýär. Kom­pa­ni­ýa gel­jek­de bu SUV mo­de­li­niň or­ta ulu­lyk­da­ky gör­nüş­le­ri­niň bir­nä­çe­si­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýar.