115 ýyl­dan bä­ri iş alyp bar­ýan “Rolls-Royce Mo­tor Cars” kom­pa­ni­ýa­sy ýyl­lyk sa­tu­wyn­da­ky re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Kuw­wat­ly ulag­la­ry ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa ge­çen ýyl dün­ýä­niň 50-den gow­rak ýur­dun­da 4107 aw­tou­lag ýer­läp­dir. Sa­tuw­lar dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­de ar­typ­dyr. Bren­diň tä­ze “Phan­tom”, “Wraith” we “Dawn” mo­del­le­ri­niň sa­tu­wy has hem ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Tors­ten Mül­ler-Öt­wös müş­de­ri­le­ri­niň is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin ala­da ed­ýän­dik­le­ri­ni, üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da has ýo­ka­ry ne­ti­jä ga­raş­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­ýär. Şeý­le hem bri­tan bren­di elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän iň ýo­ka­ry tiz­lik­li uça­ry iş­läp düz­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň in­že­ner­le­ri­niň taý­ýar­la­jak uça­ry­nyň tiz­li­gi sa­gat­da 480 km bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da bu re­kord 338 km/s bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň “Sie­mens” kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li. Ol 2017-nji ýyl­da ha­sa­ba al­nyp­dy. Bri­tan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ön­dür­jek uça­ry 2020-nji ýyl­da uçu­ry­lar. Hä­zir­ki wagt­da Ang­li­ýa­nyň Çelt­nem şä­he­rin­dä­ki Glos­ter­şir ae­ro­por­tyn­da “Roll-Royce”-yň elekt­rik mo­tor­la­ry­ny ön­dür­ýän YASA hem-de bir orun­lyk uçar­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýan “Electrof­light” şe­re­ket­le­ri­niň in­že­ner­le­ri, di­zaý­ner­ler we beý­le­ki hü­när­men­ler tä­ze uça­ry ön­dür­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler. Uçar­da elekt­rik ener­gi­ýa­ly aw­tou­lag ýa­ry­şy “For­mu­la E”-dä­ki tej­ri­be­den hem peý­da­la­nyl­ýar. Uça­ry ýa­sa­mak­da­ky esa­sy me­se­le kuw­wat­ly, gyz­ma­ýan we ýe­ňil ba­ta­re­ýa ön­dür­mek­den yba­rat­dyr.