Bu ugurda ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümlerini döretmek, baý tebigy serişdelerimiziň binýadynda bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşleriniň möçberini artdyrmak babatda alnyp barylýan işler buýsandyryjy ösüşleriň buşlukçysydyr.
Ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine ýurdumyzyň Senagat ministrliginiň edara-kärhanalary hem saldamly goşant goşýarlar. Geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlara görä, Senagat ministrligi tarapyndan kalsit önümçiligini ýola goýmak babatda işler alnyp barylýar. Bu ugurda tejribe-synag işleriniň geçirilip, şonuň netijesinde, ýokary hilli kalsit önümi alyndy. Kalsitiň öndürilmegi türkmen gurluşykçylaryna daşary ýurtlardan getirilýän şu önümlerden doly ýüz öwürmäge hem-de geljekde boýaglaryň dürli görnüşlerini, gips, karton we beýleki magdan däl gurluşyk serişdelerini çykarmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Magdanly şäherindäki gurluşyk serişdeleri kärhanasynyň düzüminde ýyllyk kuwwaty 500 tonna kalsit öndürýän önümçiligi ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Esasan hem “alçipan” ady bilen belli bolan gipsokarton listleri gurluşykda giňden ulanylýar, çünki bu serişdeler berkdir we uzak ýyllaryň dowamynda özüniň ilkibaşdaky durkuny saklap galmaga ukyplydyr. Gipsokarton profilleri, diwarlar üçin niýetlenen gipsokarton, çyglylyga durnukly gipsokarton uly islegden peýdalanylýar. Ýerli çig maldan bu gurluşyk serişdesiniň öndürilmegi ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga şert döreder.
Döwlet Baştutanymyz innowasion ugurly gaýtadan işleýän kärhanalary, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek babatdaky işlere uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň ýerasty baýlyklarynyň gorundan netijeli peýdalanmak, olary çig mal hökmünde ulanmak babatda milli Liderimiziň baştutanlygynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýerli çig mal binýatly zawoddyr kärhanalaryň, önümçilik desgalarynyň gurulmagy ýurdumyzda bäsleşige ukyply harytlaryň önümçiliginiň giňden ýola goýulmagyna mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlary öndürmek ulgamynda maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde gurluşyk serişdeleri senagatynda hem uly mümkinçilikler açylýar. Ýerli çig maldan halkara hil standartlaryna laýyk gelýän gurluşyk materiallarynyň giň görnüşliliginiň önümçiligi ýola goýulýar. Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna beýleki pudaklaýyn kärhanalar, hususan-da, metallurgiýa, aýna we gazbeton zawodlary hem goşant goşýarlar. Bu zawodlar barha giňelýän gurluşyk bazary üçin diwar hökmünde ulanmaga niýetlenen önümleri we armaturdan örülen toplumlary, keramzit, ýygnama demirbeton önümleri, keramiki kerpiç, diwarlyk beton daşlar, bezeg plitalary hem-de beýlekileri çykarýarlar we iberýärler.
Ýurdumyzda senagat pudagynyň ösdürilmegi türkmen harytlarynyň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge, diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem olaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ugurda eýýäm ägirt uly işler berjaý edildi, aýdyň netijeler gazanyldy. Kuwwaty indi-indi açylýan birnäçe ulgamlarda hem-de geljegi uly pudaklarda ýene-de ençeme ätiýaçlyklary – çig mal, önümçilik, maýa goýum, ätiýaçlyklaryny özleşdirmek ugrunda uly işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň halk hojalygy toplumyny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak strategiýasynda, senagat pudagyndaky gazanylýan üstünlikler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösüşiniň aýdyň mysaly bolup durýar.
Merdan DURDYMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.