Türkmenistanda ýerleriň meliorasiýasyna, şol sanda ekin meýdanlarynyň suwarylmagyna, öri meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegine we beýleki gidrotehniki desgalaryň – suw howdanlarynyň, bentleriň, suw galdyryjy beketleriň gurulmagyna, şeýle hem tokaý gorag zolagynyň döredilmegine, suw serişdelerini tygşytlaýan, topragyň önümliligini ýokarlandyrýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem milli Liderimiziň howandarlygynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi ýurdumyzda bu ugurda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Bu ugurda ýurdumyzda suw hojalygyny ösdürmek babatda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ýurdumyzda alnyp barylýan esasy wezipeleriň biridir. Muny hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçen hepdede sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlardan hem görmek bolýar. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde, ýerasty süýji suwuň gorunyň üstünden barlandygy mälim edildi. Bu diýseň buýsandyryjy hem-de guwandyryjy wakadyr. Sebäbi, suw adamzat durmuşynyň gözbaşydyr. Suw ähli janly–jandarlaryň ýaşaýşynyň esasydyr. Ýaşaýşy suwsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Suwuň adam bedeni üçin peýdasy örän uludyr.
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäklerinde ýüze çykarylan hem-de 2018-nji ýylyň ahyrynda “Halaç-II” ýerasty suw ýatagy hökmünde bellige alnan agyz suw ýatagynyň umumy meýdany 58,7 inedördül kilometre deň bolup, bu ýatagyň suw bilen üpjün etmek mümkinçiligi bir gije-gündizde 30 müň kub metrden gowraga ýa-da bir sekuntda 348 litre deňdir. Bu suw çeşmesi halkymyzyň arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegine saldamly goşant bolar.
Ata-babalarymyz ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýan suw baýlyklaryny tygşytly we rejeli peýdalanmak üçin özboluşly suw desgalaryny gurup, suwuň her damjasyny rejeli peýdalanypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ilaty we halk hojalygynyň pudaklaryny suw bilen bökdençsiz we ýeterlik mukdarda üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrundaky tutumly işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki obalara, şäherçedir şäherlere agyz suw geçirijileri çekmek boýunça işler dowam edýär. Munuň özi her damjasy altyna deňelýän suwuň tygşytly ulanylmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Milli Liderimiziň suwy tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tejribäni suw hojalygyna ornaşdyrmak, suw hojalyk desgalaryny we ulgamlaryny gurmak babatdaky tagallalary has-da begendirýär.
«Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bolsa, ýurdumyzyň ilatyny agyz suwy bilen üpjün etmegiň hukuk kepili bolup hyzmat edýär. Ilatymyzyň suw bilen üpjünçiligini kanagatlandyrmaga gönükdirilen şeýle hukuk resminamalarynyň kabul edilmegi adamlaryň suwy rejeli peýdalanmagyna we ony goramaga bolan borçlaryny ýüze çykarýar. Şeýle hem “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasynda” raýatlarymyzy halkara ölçeglerine laýyk gelýän arassa agyz suwy bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlaryň ählisinde suw arassalaýjy we süýjediji desgalar gurulýar we suw arassalaýjy desgalaryň, şeýle-de suw geçiriji ulgamlaryň durky täzelenýär.
Halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, agyz suwy bilen üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagy, derýalarymyzyň suwdan bol bolmagy hem-de tebigatymyzyň has-da gözelliklere beslenmegi ugrunda edýän aladalary üçin döwlet Baştutanymyza alkyş aýdýarys.
Perman ANNADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-
gurluşyk institutynyň
talyby.