“Ge­ne­ral Mo­tors” kom­pa­ni­ýa­sy “Cadil­lac” bren­di bi­len elekt­ro­kar­la­ra ýö­ri­te­le­şen mo­del­le­ri ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Häz­ir­ki wagt­da bar­ha gy­zyş­ýan elekt­rou­lag ba­za­ryn­da lýuks ulag­lar ba­bat­da “Tes­la”, umu­my aw­tou­lag sa­ny ba­bat­da “Nis­san” glo­bal ba­zar­da öň­de­li­gi eýe­le­ýär. “Ge­ne­ral Mo­tors” (GM) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän il­kin­ji mo­de­li­ni köp­çü­li­ge ta­nyş­dyr­mak üçin köp wagt­dan bä­ri ta­gal­la ed­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di­ler.

GM aw­tou­la­gyň ulu­ly­gy, ba­ta­re­ýa­sy­nyň kuw­wa­ty we beý­le­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­bat­da müş­de­ri­niň is­le­gi­ne gö­rä üýt­ge­dip bol­ýan aw­tou­lag mo­del­le­ri­ni ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da GM-niň do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän awtoulagy “Bolt” hem-de gib­rid gör­nüş­li “Volt–Chevro­let” bre­ndi as­tyn­da müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­lip­di. Hä­zir­ki wagt­da “Bolt” ulag­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi do­wam ed­ýär. Bu mo­del ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň aw­to­nom ulag­lary iş­läp taý­ýar­la­mak­da hem peý­da­la­nyl­ýar. Ge­çen ýyl kom­pa­ni­ýa “Volt” we gib­rid gör­nüş­li “Cadil­lac CT6” mo­del­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni ýa­ty­ran­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Soň­ky ýyl­lar­da bu kom­pa­ni­ýa elekt­rik ener­gi­ýa­ly we aw­to­nom ulag­la­ry kä­mil­leş­dir­mä­ge has köp üns ber­ýär. GM in­di­ki ýy­la çen­li bu ugur­lar üçin al­nyp ba­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ra be­ril­ýän in­že­ner­çi­lik çeş­me­le­ri­ni iki es­se kö­pelt­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.