Bir­wagt­lar bir ge­dem gar­ga ýa­şap­dyr. Ol özi ýa­ly beý­le­ki gar­ga­la­ra göw­nü­ýet­mez­çi­lik edip, hon­dan­bär­si bo­lup ýör­şü­ne ahy­ry olar­dan ara­ny açyp­dyr. Gün­ler­de bir gün ýaň­ky ge­dem gar­ga ta­wus­la­r­dan ga­çyp ga­lan owa­dan ýe­lek­le­ri çöp­läp, ola­ry öz ýe­lek­le­ri­niň ara­sy­na da­kyp­dyr. Soň­ra ol näz edip, ta­wus­la­ryň ara­sy­na ba­ryp­dyr. Olar des­si­ne onuň gar­ga­dy­gy­ny aňyp, ýer­li-ýer­den ço­kup­dyr­lar-da, tüýt-müýt edip, ko­wup goý­be­rip­dir­ler. Men-men­lik eden ýaň­ky gar­ga ele­şan we la­py­keç hal­da gar­ga­la­ryň ýa­ny­na ge­lip­dir. Em­ma olar öz­le­ri­ni taş­lap gi­den ge­dem gar­ga­ny pi­sint et­män­dir­ler. Gar­ga­la­ryň bi­ri oňa ga­rap:
– Gar­daş, ta­wus gu­şuň ýe­le­gi bi­len gö­zel bo­lup bil­mer­siň. Özü­ňe mah­sus bo­lan za­da äs­ger­mez­çi­lik et­män mer­te­bä­ňi sak­lan bol­saň, sa­ňa beý­le er­bet da­ra­maz­dy­lar – di­ýip, onuň ýa­nyn­dan ga­ra­sy­ny saý­lap­dyr.