Esasan, Awstraliýada ýaşaýan kengurularyň üç görnüşi bolýar. Bu jandarlaryň öň aýagy kelte, art aýagy we guýrugy uzyn bolýar. Olar adatça towsup ýöreýär. Olar çagalaryny belli bir ýaşa çenli torbalarynda göterip gezýärler. Bu täsin jandarlar Indoneziýada we Täze Gwineýa adasynda hem ýaşaýar. Bu jandarlar ot, ir-iýmiş we maýdaja mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Gyzyl kenguru olaryň iň uly görnüşi bolup, gündogar kengurusy bolsa, iň agyry hasaplanýar. Torbalylar maşgalasynyň iň kiçisi bolan çal kengurular bolsa, Awstraliýanyň nyşany hasaplanýar. Adatça, haýal ýöreýän bu jandarlar haýsydyr bir zatdan ürkseler ýa-da duşmanyndan gaçanlarynda çalt hereket edýärler. Tebigy şertlerde ortaça 10 ýyl töweregi ýaşaýan kengurularyň 20 ýyldan köp ýaşaýany hem gabat gelýär. Olaryň boýy 60 santimetrden 1,5 metre (dik aýak üstünde duran mahaly 1,80 metre ýetýär) çenli, agramy 18-95 kg aralygynda bolýar. Gyzyl kengurunyň guýrugynyň uzynlygy 90 sm-e barabar. Olar sagatda 55 km tizlik bilen ylgaýar. Uzyn guýrugy ylgaýan mahaly deňagramlylygyny saklamaga ýardam edýär. Gyzyl kenguru 5 metrden gowrak aralyga böküp bilýär. Olar suwsuzlyga hem çydamly jandardyr. Gündizine kölegede dynç alyp, agşam ýa-da irden howanyň salkyn mahaly otlaýarlar.