Il­ki bi­len, tiz­lik ba­bat­da düýp­gö­ter ösüş bo­lar. Bi­ler­men­ler bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň ak-ga­ra te­le­wi­zor­dan reňk­li te­le­wi­zor döw­rü­ne ge­çi­len­dä­ki ýa­ly üýt­ge­şiklik bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Em­ma, hä­zir­ki bar bo­lan te­le­fon app­li­ka­si­ýa­la­ryn­da ýa-da komp­ýu­ter pro­gram­ma­la­ryn­da o di­ýen üýt­ge­şik­lik dö­ret­mez. Komp­ýu­ter we mo­bil en­jam prog­ram­ma­la­ry­ny ulan­mak üçin 4G tehn­olo­gi­ýa­sy hem ýe­ter­lik. 5G to­ry se­kunt­da 2 gi­ga­baý­ta ýet­ýän tiz­lik­de iş­lär. Bu bol­sa, aw­to­nom ulag­lar, hy­ýa­ly ha­ky­kat teh­no­lo­gi­ýa­sy we ji­sim­le­riň in­ter­ne­ti ýa­ly ugur­lar­da has köp üs­tün­lik ga­za­nyl­ma­gy­na iter­gi be­rer. Sebäbi bu ugur­lar­da köp zat­la­ryň ös­me­gi­ni hä­zir­ki in­ter­net tiz­li­gi­niň “pes­li­gi” bök­de­ýär. Has ýo­ka­ry, tiz­lik­li in­ter­net bu ugur­da gör­ne­tin ösüş ga­za­nyl­ma­gy­na ge­ti­rer.
“OneP­lus”, “Sam­sung”, LG, “Go­og­le”, “Asus”, “Xiao­mi”, “No­kia” (HMD) we beý­le­ki bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa­lar gys­ga wagt­da 5G teh­no­lo­gi­ýa­syn­da iş­le­ýän te­le­fon­la­ry ön­dür­jek­dik­le­ri­ni mä­lim et­di­ler. Gel­jek­de nä­hi­li prog­ram­ma­la­ryň dö­re­jek­di­gi­ni öňün­den aýt­mak aň­sat däl, em­ma hy­ýa­ly ha­ky­kat teh­no­lo­gi­ýa­syn­da uly öňe­gi­diş­lik ga­za­nyl­jak­dy­gy ikuç­suz. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň hä­zir­ki ýe­ten de­re­je­sin­de mo­bil in­ter­net hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li bol­sa-da, en­tek ýe­ter­lik de­re­je­de ar­zan däl. Öý ýa-da iş ýer­le­ri üçin ni­ýet­le­nen ýokary tizlikli in­ter­net­i bolsa, el­ýe­ter­li ba­ha­dan hö­dür­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 5G inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň dö­re­dil­me­gi bi­len has ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­ne­ti amat­ly ba­ha­dan sat­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­di­ler. Bu hyz­ma­ty sim­kar­tyň üs­ti bi­len hö­dür­läp bo­lar. Bu bol­sa, ýo­ka­ry hil­li in­ter­net hyz­ma­ty­ny ýaý­rat­mak üçin ka­bel­le­ri tä­ze­le­mek ze­rur­ly­gy­ny ara­dan aý­rar. Em­ma tä­ze çy­kýan teh­no­lo­gi­ýa­nyň il­ki­baş­da gym­mat bol­şy ýa­ly, 5G bi­len iş­le­ýän te­le­fon­lar o di­ýen ar­zan bol­maz. Bel­li bir wagt­dan soň, bu teh­no­lo­gi­ýa hem hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li bo­lar. Hü­när­men­ler mu­nuň üçin bir-iki ýyl ga­raş­ma­ly bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Go­laý­da bu ba­ra­da taý­ýar­la­nan mag­lu­mat­da 2023-nji ýy­la çen­li dün­ýä­de 5G abu­na­çy­la­ry­nyň sa­ny­nyň 1 mil­li­ar­da, on­dan soň­ky ýyl­da 1,5 mil­li­ar­da ýet­jek­di­gi aý­dy­lyp­dy. 2024-nji ýyl­da dün­ýä ila­ty­nyň 40 gö­te­ri­mi­niň ýa­şa­ýan ýer­le­rin­de 5G to­ry bo­lar. Şon­da äh­li mo­bil mag­lu­mat aky­my­nyň dört­den bi­ri 5G ar­ka­ly ama­la aşy­ry­lar. 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy en­jam­la­ryň ara­syn­da adam­la­ryň go­şan­dy bol­maz­dan do­wam ed­ýän in­ter­net üçin hem äh­mi­ýet­li bo­lar. Ýa­po­ni­ýa 2020-nji ýyl­da To­kio­da ge­çi­ril­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­dan öň 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny do­ly taý­ýar et­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di. En­tek 5G ül­ňü­le­ri­ne ga­bat gel­ýän te­le­fon sa­tyl­ma­ýan hem bol­sa, dün­ýä­niň kä­bir şä­her­le­rin­de 5G ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­sy hö­dür­le­nip baş­lan­dy.