Hormatly Prezidentimiziň işläp düzen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna we saglyk taglymatyna laýyklykda, ata Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler bagtyýar raýatlarymyzda çuňňur kanagatlanma döredýär. Türkmenistanyň saglyk ulgamyndaky ösüşler we özgerişler milli saglygy goraýyş ulgamynyň işlerini meýilleşdirmegiň, dolandyrmagyň we guramagyň ylmy nukdaýnazardan dogry ýollarynyň saýlanyp alnandygyny hem-de amatly usullar bilen çözülýändigini tassyk edýär. Dünýäniň lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda ulgamda beýik özgertmeler amala aşyrylýar, döwrebap hassahanalar, bejeriş-dynç alyş öýleri gurulýar, dünýä lukmançylygynda gazanylýan tejribeler amaly lukmançylyga ornaşdyrylýar.
Milli Liderimiz Türkmenistanda iň gymmatly baýlygyň adamdygyny dünýä jar etdi. Muny ýurdumyzda alnyp barylýan işler hem doly subut edýär. Şeýlelikde, bu günki gün milli Liderimiz ynsanperwer pikir-garaýyşlary, bütin dünýäde parahatçylygyň berkarar bolmagy ugrunda amala aşyrýan beýik işleri, saglyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça durmuşa geçirýän tutumlary bilen halkara jemgyýetçiliginiň çuňňur hormatyna mynasyp boldy. Muňa golaýda Owganystanda açylan çaga dogrulýan öýüň mysalynda hem çuňňur göz ýetirmek bolýar.
Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, saglyk edarasynyň goňşy ýurtda gurulmagy we açylmagy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň aýdyň netijesidir. Bu wakanyň ähli oňyn başlangyçlaryň we asylly işleriň mukaddes Oraza aýynyň başlanmagyna gabat gelmegi aýratyn mana eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystana saglygy goraýşa degişli täze desgany degişli önümler, dermanlar we beýleki lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. Mundan başga-da, bu lukmançylyk edarasynyň işini degişli derejede ýola goýmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatyna ýerli lukmanlary we degişli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, lukmanlardan we şepagat uýalardan ybarat bolan topar iberildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, owgan halkynyň parahatçylykly, abadan durmuşa bolan arzuwlaryny goldamak bilen, Owganystana ýeňillikli baha bilen elektroenergiýa we suwuklandyrylan gaz ugradylýar, goňşy döwletde durmuş maksatly, aýratyn-da, saglygy goraýyş we bilim ulgamyna degişli desgalary gurulýar, ýaşlary okatmakda we hünärmenleri taýýarlamakda yzygiderli goldaw berilýär. Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde ulanmaga berlen çaga dogrulýan öý Türkmenistanyň goňşy ýurda ynsanperwerlik kömeginiň aýdyň nyşanydyr.
Bulardan başga-da, Türkmenistanda ylym-bilimiň ösdürilmegine, bu işe lukmanlaryň, hususan-da, lukmançylyk okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň işjeň gatnaşmagyna ähli şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, her ýylda ýaş alymlaryň bäsleşigi geçirilip, onuň jemleri boýunça tapawutlananlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Şu ýylky ylmy bäsleşikde hem Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ordinatorlarynyň we talybynyň hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp bolandygy lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň ylmy gözlegleri üstünlikli amala aşyrýandyklarynyň aýdyň nyşanydyr.
Türkmen Döwlet habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, geçen ýyl bäsleşige gatnaşanlaryň sany 897 bolan bolsa, şu ýyl bäsleşýänleriň sany 955-e ýetdi. Olaryň 272-si alymlardyr, 683-si talyplar we okuwçylardyr. Maglumatda bilermenler toparynyň garamagyna häzirki döwrüň ylmynyň möhüm ugurlarynyň 6-sy boýunça işläp taýýarlamalaryň we barlag işleriniň hödürlenendigi nygtalyp geçilýär. Olar nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýasy, täze serişdeleri öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, habar beriş-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýasy, lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary, innowasiýa ykdysadyýeti, ynsanperwerlik ýaly, möhüm ugurlardyr.
Milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, bu pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzda degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek barada alada etmek bilen bu babatda goňşy döwletlere hem ýakyndan ýardam berýär. Şeýle-de geljekki ösüşleriň girewi bolan ylym-bilim ulgamyndaky täzelikleri durmuşa işjeň ornaşdyrmak üçin ähi şertleri döredýär.
Biz milli Liderimize ak ýürekden alkyşlar aýdyp, özümize bildirilýän ynamy ödemek üçin hemişe yhlasly işlejekdigimize ynandyrýarys!
Merjen Durdyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.