Dünýä ýurtlarynyň aglabasynda milli býujetiň belli bir böleginiň syýahatçylykdan gelýän girdejiler bilen üpjün edilýändigi hemmelere mälim hakykat. Sport ýaryşlaryndan, medeniýet festiwallaryndan başlap, her bir iri göwrümli çäräniň guramaçylary oňa gatnaşýanlaryň ünsüni öz ýurdunyň aýratynlyklaryna we milli gymmatlyklaryna çekmäge çalyşýarlar. Hut şonuň üçin Türkmenistanda geçirilýän iri sport ýaryşlaryna jahankeşdeleriň ünsüni çekmek üçin uly tagalla edilýär.

Ýa­dy­ňyz­da bol­sa, 2018-nji ýyl­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça ge­çi­ri­len we­lo­si­ped­li ýö­ri­şi, yl­gaw ýa­ry­şy­ny, şeý­le-de, “Amul-Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni gu­raý­jy­lar we­la­ýat­lar­da we paý­tag­ty­my­zyň tö­we­re­gin­de ýer­leş­ýän ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri wa­gyz et­mek, olar bi­len hal­ka­ra ýa­ry­şy­na gat­na­şy­jy­la­ry we beý­le­ki myh­man­la­ry ýa­kyn­dan ta­nyş­dyr­mak üçin mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­di­ler. Se­bä­bi ýur­du­my­zyň ta­ry­hy, uzak geç­mi­şiň bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri ata Wa­ta­ny­my­za gel­ýän sy­ýa­hat­çy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Aş­ga­bat Azia­da­sy­nyň do­wa­myn­da hem, ge­çen ýyl gu­ra­lan Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da hem do­ly göz ýe­tir­dik.
Ýur­du­myz­da dün­ýä ja­han­keş­de­le­ri­ni gy­zyk­lan­dyr­ýan sy­ýa­hat­çy­lyk dür­dä­ne­le­ri bo­lup, ta­ry­hy, te­bi­gy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler, şä­her­gur­lu­şyk bi­na­gär­li­gi, “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy we aja­ýyp şy­pa­ha­na­lar türk­men hal­ky­nyň mi­ze­mez mil­li ha­zy­na­sy­ny eme­le ge­tir­ýär. Köý­ten­dag­da­ky di­no­zawr­la­ryň yz­la­ryn­dan baş­lap, ga­ty kän tä­sin­lik­le­riň ja­han­keş­de­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän­di­gi­ni, ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­mi­ziň di­kel­dil­me­gi­niň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň ös­me­gi­ni üp­jün ed­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
2018-nji ýyl­da Ita­li­ýa­nyň “Rai Tre” te­le­ýaý­ly­my ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň ja­han­keş­de­le­riň iň bir hö­wes bi­len gid­ýän sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi mä­lim edil­di. Ady ag­za­lan te­le­ýaý­ly­myň hü­när­men­le­ri dün­ýä ýurt­la­ry­na sy­ýa­hat et­me­gi ha­la­ýan­la­ryň pi­ki­ri­ni öw­re­nip, “Ta­ryh” di­ýen ugur­da Türk­me­nis­ta­na ge­lip gör­me­gi mak­sat edin­ýän­le­riň kän­di­gi­ni na­za­ra alyp, bu ba­bat­da türk­men top­ra­gyn­da ga­dy­my we gym­mat­ly ýa­dy­gär­lik­le­riň köp­dügi­ni ýe­ne bir ge­zek ýat­lat­dy.
2018-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da bang­la­deş­li gyz Ka­zi As­ma Az­me­riň Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň geç­ýän wag­tyn­da Aş­ga­bat­da bo­lan­dy­gy ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ar­ka­ly oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­di. Ol şon­da 2007-nji ýyl­dan bä­ri sy­ýa­hat ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň ja­han­keş­de hök­mün­de aýak ba­san 100-nji ýur­du­dy­gy­ny uly buýsanç bilen gür­rüň be­rip­di.
Ýo­kar­da my­sal ge­ti­ri­len pur­sat­lar Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň hä­zir­ki wagt­da sö­züň do­ly ma­ny­syn­da syýahatçylyk pudagynda dün­ýä­niň üns mer­ke­zin­dä­ki ýurt­du­gy­ny bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len su­but ed­ýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan tu­tum­ly tas­la­ma­la­ryň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň hem has döw­re­bap özgerdil­me­gi­ne ba­dal­ga be­ren­di­gi­ni gör­kez­ýär. Şo­nuň üçin hem mil­li Li­de­ri­mi­ze tüýs ýü­rek­den al­kyş aýd­ýa­rys.

Me­ret­gül TA­GAN­MY­RA­DO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň
uly mu­gal­ly­my.