Taryhy maglumatlara görä Durnaly galasy gadymy döwürlerde Mary bilen Horezmiň arasyndaky uly söwda ýolunyň ugrunda ýerleşensoň, ol ýeri hemişe adamly bolupdyr. Dürli ýurtlardan gelýän bezirgenler, täjirler ol ýerde söwda-satyk işlerini alyp barypdyrlar. Üsti ýükli gelýän kerwen hatarlary öz harytlaryny ýerli harytlara çalşypdyrlar. Ol ýerden Horezme hem hatar-hatar kerwenler argyşa ugrapdyrlar.
Durnaly galasynda IX–XII asyrlara degişli köp sanly gurluşyklaryň harabaçylygy saklanyp galypdyr. Ol ýerde biziň eýýamymyzyň I-II asyrlaryndan tä orta asyrlara çenli ýaşaýyş bolupdyr. Galanyň diwarlarynyň käýerleriniň beýikligi 7,5-8 metre ýetipdir. Diwarlarynyň burçlarynda we uzalyp gidýän ugrunda diňler salnypdyr. Diňleriň aralygy 10-17 metr bolupdyr. Gala gönüburçluk görnüşinde gurlup, onuň diwarlary 183-173 metr, gysga taraplarynyň uzynlygy 160-150 metr bolupdyr.
Durnaly galasynyň diwarlary gadymy Gündogaryň arhitekturasyna mahsus bolan bezegler bilen bezelipdir. Gala arhitektura bezeginiň baýlygy bilen Türkmenistanyň demirgazyk etraplarynda gurlan galalardan ep-esli derejede tapawutlanypdyr. Mysal üçin, Durnaly galasynyň daşky goranyş diwary bolan bolsa, ol künjekdäki Toprakgalanyň şeýle diwary bolmandyr.
Durnaly galasy özüniň berkligi boýunça Täze Nusaý galasyny ýada salypdyr. Onuň diwarlary örän galyň edilip gurlupdyr. Diwar ilki el güýji bilen pagsadan salnyp, soňra üsti çig kerpiç bilen örtülipdir.
Mälim bolşy ýaly, Täze Nusaýyň daşyna parfiýalylar döwründe inli gala diwarlary salnypdyr. Onuň gönüburçly diňleri bolupdyr. Onuň günorta böleginde gala diwarlary bilen daşy aýlanan içki gala ýerleşipdir. Onuň demirgazyk-günbatar böleginde, gala diwarlarynyň gaýym edip galdyrylan merkezi ýerleşipdir. Bu ýagdaýlar Durnaly galasy bilen Täze Nusaýyň arhitektura taýdan umumy meňzeşlige eýedigini görkezipdir.
Geçmiş medeniýetimizi, taryhymyzy, binagärlik nusgalarymyzy, merdana ata-babalarymyzyň geçen durmuş ýollaryny öwrenmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Mamagül TÄÇMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.