Hytaýyň “Great Wall Motors” şereketi dünýäniň iň arzan elektroulagyny satuwa çykardy. Geçen ýylyň ahyrynda tanyşdyrylan “ORA R1” atly ulag 8 müň 680 dollardan satylar. “Great Wall Motors” kompaniýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Ningh Şuýong ulagyň beýleki kompaniýalar ýaly satuw, hyzmat, ätiýaçlyk şaýy ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýän däl-de, iri şäherleriň täjirçilik sebitlerinde we beýleki söwda nokatlarynda ulanyljakdygyny belledi. Bir gezeklik zarýady bilen 312 km ýol geçýän hem bolsa, şäher içinde sürülende, bu görkezijiniň 240 km töweregi boljakdygy bellenilýär. Innowasion tehnologiýa bilen üpjün edilen ulagyň “Hello ORA” diýlende hereketlendirijisi işläp başlaýar. Ulaga üç ýyl ýa-da 120 müň km-e çenli kepillik berilýär. Şaýlaryna ýekelikde 8 ýyl (ýa-da 150 müň km) kepillik berilýär. “Great Wall Motors” arzan bahaly maşynlary daşary ýurtlarda hem satmagy maksat edinýär. Ulagyň dört görnüşi bolup, olaryň bahasy 8 680 dollardan 11,293 dollar aralygynda üýtgeýär. 3495 x 1660 x 1560 mm ölçegdäki ulagyň 60 göterimi polatdan öndürilipdir.