Soňky wagtlarda uçýan awtoulaglar baradaky täzelikler köp eşidilýär. Şeýle ulaglary diňe awtoulag öndürijiler däl, eýsem, uçar öndüriji kompaniýalar hem kämilleşdirýär. Golaýda ýolagçy uçarlaryny öndürýän “Boeing” kompaniýasynyň uçýan awtoulagy synagdan geçirildi. Bu ulag awtoulaga däl-de, kiçeňräk uçara çalym edýär. Mundan ozal, “Airbus” hem “Pop up” atly ulagy köpçülige görkezipdi. Elektrik energiýasy bilen işleýän “Pop up” ýerde we howada hereket edip bilýär. Iki ýolagça niýetlenen uçýan awtomobil bir gezekki zarýady bilen 100 kilometr ýol geçýär. ABŞ-nyň “Terrafugia” şereketi hem birnäçe ýyldan bäri uçýan awtoulaglary kämilleşdirýär. Bu şereket häzirki wagtda Şwesiýanyň “Volvo” şereketine-de eýeçilik edýän Hytaýyň “Geely” kompaniýasyna degişli. Bahasynyň näçeräk boljakdygy entek nämälim bolan awtoulag 322 km/s tizlik bilen uçýar. Şereketiň ýolbaşçylary bu ulagyň satuwa çykarylan ilkinji awtoulag bolmagy üçin tagalla edýärler. Oňa bir gezek ýangyç guýlanda 805 kilometre çenli ýol geçýär. Entek beýle ulagyň ýol hereketine goşulmagyna rugsat berýän şäheriň ýokdugy bellärliklidir.