Hindistanly talyplaryň işläp düzen “Kalamsat-V2” emeli hemrasy kosmosa uçuryldy. Agramy 1 kg 26 gram bolan enjam ýurduň Kosmos Barlaglary Guramasy (ISRO) tarapyndan Sriharikota kosmodromyndan älem giňişligine iberildi. ISRO-nyň ýolbaşçysy Kaýlasawadiwu Siwan “Kalamsat-V2”-niň häzire çenli uçurylan iň ýeňil emeli hemradygyny, ony hususy şereketiň öndürendigini belläp, emeli hemranyň aragatnaşyk üçin niýetlenendigini, munuň talyplaryň geljegiň alymlary we inženerleri bolmaklaryna höwes döretjekdigini aýtdy. Hindistanyň hökümet başlygy Narendra Modi emeli hemrany işläp düzen ýaşlary gutlady. Emeli hemra golaýda “PSLV-C43” raketasy bilen uçurylan 31 emeli hemranyň biridi.
Ýurtda soňky ýyllarda kosmos pudagynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýurduň astronomlarynyň taýýarlan kosmos gämisi 2014-nji ýylda Marsa baryp ýetipdi we taryhdaky iň iri taslamalaryň biri hökmünde hasaba alnypdy. Kiçi göwrümli emeli hemralary hem kosmosa ibermekde ýöriteleşen Sriharikota kosmodromyndan beýleki ýurtlara degişli emeli hemralar hem uçurylýar. Geçen ýyl bu ýerden jemi 104 emeli hemra kosmosa iberildi.