Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýurdumyzyň dur­mu­şy­nyň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Ýur­du­my­zyň mil­li mi­ra­sy­ny, ga­dy­my sun­ga­ty­ny hem-de mil­li at­çy­lyk ul­ga­my­nyň däp­le­ri­ni gaý­ta­dan di­kelt­mek ug­run­da köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz äh­li dö­wür­ler­de-de türk­men hal­ky­nyň we­pa­ly ýol­da­şy bo­lup gel­di­ler. Be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň ha­ky­ky muş­da­gy, at çap­ma­gyň us­sa­dy hem-de at­çy­lyk spor­tu­nyň ta­rap­da­ry bo­lup dur­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň baştutanlygynda at­çy­lyk däp­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­mak we do­wam et­dirmek, bu ga­dy­my sun­ga­ty has-da ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­le­r dur­mu­şa ge­çiril­ýär.
Ahal­te­ke be­dew­le­ri has ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri deň­siz-taý­syz gö­zel­li­gi, ýyn­dam­ly­gy hem-de çy­dam­ly­ly­gy bi­len dün­ýä­ni haý­ran ed­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz ahal­te­ke be­dew­le­riniň ara­sy­na ba­ryp, olar bi­len di­dar­laş­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men hal­ky­nyň ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len se­ýis­le­ri­niň usul­la­ry­ny, ata ideg et­me­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny kem­siz ele alyp, şol ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri özü­niň top­lan tej­ri­be­si bi­len ut­gaş­dyr­ýar we at se­ýis­le­me­giň tä­sin usu­ly­ny peý­da­lan­ýar. Bu bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň se­ýis­län be­dew­le­ri­niň şöh­rat eýe­si bol­ma­gy­nyň baş şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýär.
Ine, ba­har pas­ly­nyň il­kin­ji ýek­şen­be­sin­de hem mil­li Li­de­ri­miz asyl­ly dä­bi­ne eýe­rip, Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na ba­ryp, şol ýer­de be­hiş­di be­dew­le­ri bi­len di­dar­laş­dy. Be­hiş­di be­dew­le­re aý­ra­tyn ga­dyr goý­ýan döw­let Baş­tu­ta­ny­myz be­dew­ler bi­len di­dar­laş­mak we at çap­mak bi­len meş­gul­lan­ma­ga wagt ta­pyp, bu ýö­rel­gä­ni yzy­gi­der­li do­wam etdir­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz at­çy­lyk top­lu­myn­da şu ýylyň başynda doglan Ro­waç at­ly taý bi­len di­dar­laş­dy. Mil­li Li­de­ri­miz il­ki bi­len asyl­ly ýö­rel­gä eýe­rip, Ro­wa­jyň boý­nu­na kä­be­si Ogu­la­bat ejä­niň ören ala­ja­sy­ny dak­dy. Mu­nuň özi ýag­şy des­sur­la­ry ýa­ran edi­nen hal­ky­my­zyň ha­ýyr­ly işe ak ýol ar­zuw ed­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz “At­da we­pa-da bar, sa­pa-da” at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň üs­tün­de iş­le­di. Ahal­te­ke be­dew­le­rin­den üz­ňe bo­lup bil­me­ýän mil­li Li­de­ri­miz ki­ta­by­ny ta­mam­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, oňa bir­nä­çe gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry gi­riz­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ahal­te­ke at­la­ry dog­ru­syn­da söh­bet aç­ýan ki­tap­la­ry di­ňe bir türk­men oky­jy­la­ry­nyň däl, eý­sem, giň hal­ka­ra oky­jy­lar köp­çü­li­gi­niň ürç edip oka­ýan ese­rle­ri­ne öw­rül­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň “Ahal­te­ke be­de­wi – bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz”, “Ga­nat­ly be­dew­ler”, “Ga­da­my bat­ly be­dew” ýa­ly ýel­den ýüw­rük be­hiş­di be­dew­le­ri­mize ba­gyş­la­nan ki­tap­la­ry köp san­ly da­şa­ry ýurt di­lleri­ne ter­ji­me edil­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şöh­rat­ly ta­ry­hy­na ba­gyş­la­nan “At­da we­pa-da bar, sa­pa-da” at­ly no­bat­da­ky ki­ta­by­na äh­li türk­men hal­ky bi­len bir ha­tar­da, bü­tin dün­ýä oky­jy­la­ry hem uly sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­lar. Tä­ze ki­ta­byň sa­hy­pa­la­ryn­da hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da mil­li at­şy­nas­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi, türk­men at­la­ry­nyň ga­dy­my şöh­ra­ty­nyň has-da be­len­de gö­te­ril­me­gi we mil­li at­şy­nas­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň dün­ýä­de giň­den wa­gyz edil­me­gi ug­run­da giň möç­ber­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy ba­ra­da gür­rüň be­ril­me­gi, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň hal­ky­my­zyň dö­re­den mil­li gym­mat­lyk­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da aý­ra­tyn orun eýe­le­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da at­şy­nas­lyk mil­li me­de­ni­ýe­ti­ni di­kelt­mek we ös­dür­mek, bu ugur­da öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da türk­men hal­ky­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň öw­re­nil­me­gi­ne we aýaw­ly sak­la­nyl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “At­da we­pa-da bar, sa­pa-da” at­ly täze ki­ta­bynyň ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my my­na­sy­bet­li hal­ky­my­za aja­ýyp sow­gat bol­jak­dy­gy diý­seň be­gen­çli wa­ka­dyr. Türk­men hal­ky­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny, onuň ga­dym­dan göz­baş al­ýan se­ýis­çi­lik sun­ga­ty bi­len bag­ly däp-des­sur­la­ry­ny aýaw­ly sak­la­mak, ola­ry dün­ýä ýaý­mak me­se­le­le­ri­ni he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Be­zir­gen RE­JE­POW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.