Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­zde ga­zan­ylýan her bir üs­tün­likler, ýetil­ýän sep­git­le­r, ama­la aşyryl­ýan be­ýik iş­le­r bagt­ly gel­je­giň ny­şa­ny­dyr. Hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ru­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýur­du­myz­da ägirt uly öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ba­bat­da döw­rüň iň tä­ze we kä­mil müm­kin­çi­lik­le­ri iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar.
Türk­me­nis­tan­ly­la­ry ýo­ka­ry amat­lyk­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­len üp­jün et­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça 2019 – 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugurlarynyň bi­ri­dir. “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen pa­ra­sat­ly ýö­rel­gä eýer­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ýolbaşçylygynda aja­ýyp hem-de ka­şaň yma­rat­la­r, eda­ra bi­na­la­ry we ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ gur­lup ulanylmaga beril­ýär. Mu­ňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 4-nji mart­da ge­çi­ren san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­tyn­da gol çe­ken ta­ry­hy Ka­rar­la­ry aý­dyň su­but­na­ma­dyr. Mil­li Li­de­ri­miz “Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de we­la­ýa­tyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­ni gur­mak ha­kyn­da” Ka­ra­ra gol çek­di. Bu ta­ry­hy res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de we­la­ýa­tyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­ny iki tap­gyr­da – 2022-nji ýy­la çen­li Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi­niň iş­läp taý­ýar­lan baş me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ry­lar. Bu ýer­de ka­şaň eda­ra bi­na­la­ry, we­la­ýa­tyň ýa­şaý­jy­la­ry üçin äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan ýo­ka­ry hil­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, mek­dep­dir ça­ga­lar bag­la­ry hem-de köp san­ly dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar gur­lar. Olar ýur­du­my­zyň aja­ýyp bi­na­gär­lik keş­bi­ne tä­ze öwüş­gin ça­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň Le­bap we­la­ýa­ty­nyň 4 et­ra­by­nyň çägin­de döw­re­bap şä­her­çe­le­riň gu­rul­ma­gy­na de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­me­gi, ýur­du­my­zyň gün­do­gar se­bi­ti­niň Çär­jew, Sa­ýat, Ha­laç we Ker­ki et­rap­la­ry­nyň ila­ty­nyň dur­mu­şyn­da örän äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şeý­le döw­re­bap şä­her­çe­le­riň ýur­du­my­zyň Ma­ry, Da­şo­guz hem-de Bal­kan we­la­ýat­la­ryn­da hem gu­rul­ma­gy ba­bat­da ýur­du­my­zyň ýol­baş­çy­la­ry­na anyk gör­kez­me­leri ber­me­gi Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de 2019-njy ýy­lyň “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” diý­lip yg­lan edilen ýyl­da hal­ky­my­zy bo­le­lin dur­muş­da ýa­şat­mak ug­run­da bel­le­nen we­zi­pe­le­riň tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­len­jek­di­gi­niň aýdyň ny­şa­ny­dyr.
Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň tä­ze Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­sy­ny ka­bul et­mek bi­len, türk­men döw­le­ti­ni tä­ze ro­waç­lyk­la­ra alyp bar­ýar. Dur­muş go­rag­ly­ly­gy ka­nun taý­dan üp­jün edil­ýän döw­le­ti­miz­de hal­ky­my­zyň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­lar ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýär. Aý­gyt­ly ösüş­ler ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan Di­ýa­ry­myz­ “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­lynda tä­ze il bäh­bit­li iş­ler bi­len bar­ha ös­ýär hem-de öz­ger­ýär.
Goý, Wa­ta­ny­my­zyň ro­waç­lan­ma­gy, hal­ky­my­zyň eş­ret­li ýa­şaý­şy üçin taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, ba­şy dik bol­sun, bü­tin adam­zat äh­mi­ýet­li tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç al­syn!

Ys­lam­ber­di TYL­LA­NU­ROW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my,
Aş­ga­bat şä­her Halk
mas­la­ha­ty­nyň ag­za­sy.