Ka­na­da­nyň “Bruns­wick” se­bi­tin­de iş alyp bar­ýan “NB Po­wer” hem-de ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­tyn­da­ky “Joi Scien­ti­fic” kom­pa­ni­ýa­la­ry de­ňiz su­wun­dan al­nan wo­do­rod bi­len iş­le­ýän ener­gi­ýa be­ket­le­ri­ni gur­mak üçin şert­na­ma bag­laş­dy. “Joi Scien­ti­fic” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Tra­wer Ken­ne­di dün­ýä­niň il­kin­ji ho­wa­ny ha­pa­la­ma­ýan elekt­rik be­ke­di­ni gur­mak üçin hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­dik­le­ri­ni we tä­ze yla­la­şyk bi­len onuň il­kin­ji nus­ga­sy­nyň ön­dü­ri­lip, Ka­na­da ge­ti­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy. Ken­ne­di gaý­ta­dan iş­len­me­dik de­ňiz su­wun­dan wo­do­rod önüm­çi­li­gi üçin tä­ze usu­ly oý­lap ta­pan­dyk­la­ry­ny we bu usul ar­ka­ly al­nan wo­do­ro­dyň ener­gi­ýa ön­dür­mek üçin ula­nyl­jak­dy­gy­na ün­si çek­ýär. Mu­nuň ne­ti­je­sin­de, zy­ňyn­dy hök­mün­de bug­dan baş­ga zat çyk­ma­ýar.
Ken­ne­di iki kom­pa­ni­ýa­nyň kuw­wat­ly­ly­gy 10 me­ga­wat bi­len 100 me­ga­wat ara­ly­gyn­da bo­lan des­ga­la­ry bi­le­lik­de gur­mak is­le­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar. “NB Po­wer” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Gae­tan To­mas des­ga­nyň ki­çeň­räk nus­ga­la­ry­ny gur­mak üçin 2-3 ýy­lyň ge­rek­di­gi­ni we onuň ba­ha­sy­nyň te­bi­gy gaz bi­len iş­le­ýän be­ket­ler bi­len deň bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär. To­mas tä­ze des­ga­la­ry gur­mak bi­len bir ha­tar­da, bar bo­lan des­ga­la­ryň hem üýt­ge­dil­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Onuň çäk­le­rin­de Nýu-Bruns­wik se­bi­tin­de ke­nar­ýa­ka­da­ky kö­mür be­ke­di tä­ze­le­ner.