Kosmos pudagynda iş alyp barýan “SpaceX” kompaniýasy täze synagy amala aşyrdy. Kompaniýanyň uçuran “Crew Dragon” atly kapsulasy Halkara kosmos bekedine baryp ýetdi. “Falcon 9” raketasy bilen uçurylan gämi kosmos giňişligine adamly gatnawlar üçin edilýän ilkinji netijeli iş boldy. Raketalary gaýtadan ulanmak üçin hem aýratyn maksatnamasy bolan “SpaceX” kompaniýasynyň “Falcon 9” raketasy kapsulany belli belentlige çykarandan soňra, ummanda bellenen ýere dikligine gonmagy hem başardy. Adamly gämilere niýetlenen “Crew Dragon” bilen 181 kg ýük hem-de maniken iberildi. Kapsula ol ýerden adamlary yzyna getirip hem bilýär. Bu kapsulany edil “Falcon 9” raketalary ýaly gaýtadan ulanyp bolar. “Crew Dragon”-lar köp wagtdan bäri kosmos bekedine ýük ibermek üçin peýdalanylýar. Täze uçurylan kapsula bolsa, onuň adam gatnatmaga niýetlenen görnüşidir. Kapsula beýleki synaglary hem üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda iýul aýynda 2 kosmonawty Halkara kosmos bekedine äkider. Şeýle hem “Boeing” kompaniýasynyň “Starliner” atly gämisiniň indiki aý synagdan geçiriljekdigi, awgustda bolsa, adamly gatnawlara başlajakdygy aýdylýar.
Ýeri gelende aýtsak, NASA birnäçe ýyl mundan öň amerikan astronawtlaryny Halkara kosmos bekedine gatnatmak üçin hususy şereketler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýupdy. 2011-nji ýyldan bäri “Discovery”, “Endeavour” we “Atlantis” atly kosmos gämileriniň ulanyşdan aýrylmagy bilen amerikan astronawtlary Russiýanyň “Soyuz” raketalary bilen uçurylýar. Halkara kosmos bekedi ABŞ-nyň NASA (Milli aeronawtika we kosmos administrasiýasy), Russiýanyň Kosmos işleri boýunça döwlet korporasiýasy (“Roskosmos”), Ýapon kosmos barlaglary agentligi (JAXA), Ýewropa Kosmos Agentligi (ESA) we Kanada Kosmos Agentliginiň (CSA) bilelikdäki taslamasy bolup, Ýerden 400 km töweregi uzaklykda aýlanýan beketde hemişe 6 kosmonawt işleýär.