Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy “App­le” “WWDC 2016” at­ly çä­rä­niň çäk­le­rin­de tä­ze hyz­mat­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyl­ýan “iOS” ama­ly ul­ga­my­nyň 10-njy nus­ga­sy ba­ra­da hem mag­lu­mat be­ril­di. “iOS 10” hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­dä­ki mil­li­on­lar­ça “iP­ho­ne” hem-de “iPad” en­jam­la­ry üçin el­ýe­ter­li bo­lar. Ama­ly ul­ga­myň soň­ky nus­ga­syn­da tä­ze aý­ra­tyn­lyk­lar bar. On­da kar­ta, fo­to­su­rat­lar, “App­le Mu­sic” we “News” app­li­ka­si­ýa­la­ry bi­len bir ha­tar­da “akyl­ly” öý en­jam­la­ry­ny aň­sat­lyk bi­len do­lan­dy­ryp bol­ýan “Ho­me” app­li­ka­si­ýa­sy hem bar. In­di te­le­fon­la­ryň app­li­ka­si­ýa­la­ry has ýe­ňil we gy­zyk­ly bo­lar.
Ses­li buý­ruk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýän “Si­ri” arkaly app­li­ka­si­ýa­la­r has işjeň ulanylar. “App­le” en­jam­la­ry üçin app­li­ka­si­ýa taý­ýar­la­ýan­lar “Si­ri”-niň kö­me­gin­den has köp peý­da­la­nyp bi­ler­ler. “Si­ri­Kit” ar­ka­ly app­li­ka­si­ýa taý­ýar­la­ýan­lar sms ug­rat­mak, jaň et­mek, su­rat ug­rat­mak, ulagy ki­re­ýi­ne al­mak, tö­leg­le­ri ge­çir­mek ýa­ly hyz­mat­lar bi­len bir ha­tar­da aw­tou­lag­lar üçin “CarP­lay” app­li­ka­si­ýa­la­ry­ny do­lan­dyr­mak­, ula­gyň içi­niň sal­kyn­ly­gy­ny we ra­dio­sy­ny saz­la­mak­ ýaly programmalary döredip bilerler.

Kar­ta hyz­mat­la­ry gaý­ta­dan taý­ýar­lan­dy
Tä­ze ama­ly ul­gam­da­ky kar­ta app­li­ka­si­ýa­sy has ýö­ne­keý­leş­di­ril­di. In­di ula­ny­jy­lar ulag­la­ry ki­re­ýi­ne al­mak­da, gü­nüň do­wa­myn­da haý­sy işi ha­çan et­me­li­di­gi­mi­ze mas­la­hat ber­mek­de, bir ýe­re gi­di­len­de, ýo­luň ug­run­da­ky ýan­gyç gu­ýu­jy be­ket­le­ri, res­to­ra­an­la­ry, ka­fe­le­ri we beý­le­ki zat­la­ry göz­le­mekde bu hyzmatdan has netijeli peýdalanar. Şeý­le hem app­li­ka­si­ýa­ uzak ýo­la gi­di­len­de, ýol­da şu­la­ryň bi­ri­ne so­wulynan ýag­da­ýyn­da nä­çe­räk wagt al­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar.
Ar­hi­wi­ňiz­dä­ki unu­dy­lan fo­to­su­rat­la­ry “Me­mo­ri­es” ar­ka­ly si­ze gör­kez­ýär. Şeý­le hem ýü­zi, ji­si­mi we ýe­ri ta­pa­wut­lan­dy­ryp, ola­ra degişli suratlary aý­ra­tyn­lyk­da to­par­la­ra bö­lüp bil­ýär.
“Akyl­ly” öý goş­la­ry­nyň äh­li­si­ni ýe­ke-täk ýer­den do­lan­dyr­mak üçin aň­sat we ynam­ly hyz­mat ber­ýär. Ola­ry bir wagt­da ýa-da aý­ra­tyn­lyk­da do­lan­dy­ryp bol­ýar. “Ho­me­Kit”-iň uzakdan dolandyrylýan enjamlaryna çy­ra­lar, per­de­ler, ga­py gul­py, wi­deo­ka­me­ra­lar ýa­ly je­mi 100 tö­we­re­gi önüm de­giş­lidir.
Kom­pa­ni­ýa­nyň en­jam­la­ry üçin app­li­ka­si­ýa iş­läp taý­ýar­la­ýan­la­ra ba­gyş­la­nyp her ýyl ge­çi­ril­ýän mas­la­hat San-Fran­sis­ko­da gu­ral­dy. Da­ba­ra­da bu hyz­mat­lar bi­len bir ha­tar­da “MacBo­ok Pro”, “MacBo­ok Air”, “TVOS 2” we “WatchOS 3” en­jam­la­ry­na de­giş­li tä­ze­lik­ler hem gör­ke­zil­di.
“App­le Watch”-yň tä­ze gör­nü­şi ar­ka­ly app­li­ka­si­ýa­lar ozal­ky­syn­dan 7 es­se çalt açy­lar. Tä­ze ama­ly ul­ga­ma güýz aý­la­ryn­da tö­leg­siz ge­çip bo­lar. “Akylly” sagada gelen “iMes­sa­ge”-la­ra aw­to­mat usulda jo­gap be­rip bo­lar. Sa­ga­dyň ek­ra­ny­nyň ýü­zü­ne “Min­nie Mou­se” mult­film gah­ry­ma­ny­nyň su­ra­ty­ny go­ýup bol­ýar. Şeý­le-de san­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri hem peý­da bol­dy.
Dö­re­di­le­ni­ne bir ýyl do­lan “App­le Mu­sic” app­li­ka­si­ýa­sy­nyň abu­na­çy­la­ry­nyň sa­ny 15 mil­lio­na ýe­tip­dir. In­di bu prog­ram­ma aý­dy­myň söz­le­ri­ni hem gör­kez­ýär. Beý­le­ki tä­ze­lik­ler bi­len bir ha­tar­da ol güýz­de ula­ny­jy­la­ra ýe­ti­ri­ler.


In­di kom­pa­ni­ýa­nyň komp­ýu­te­ri “Mac”-den “App­le Pay” ar­ka­ly elekt­ron söw­da­ny ama­la aşy­ryp bo­lar. Şeý­le­lik­de, in­ter­net­de “App­le Pay” bi­len saz­la­şyk­ly iş­le­ýän saýt­lar­dan söw­da et­mek has ýe­ňil bo­lar. In­ter­net­den söw­da edi­len­de karz ýa-da bank kart­la­ry­ňy­zyň bel­gi­si­ni ber­mek hök­man däl. Ge­rek­li ha­ry­dy saý­lan­dan soň­ra “App­le Pay” düw­me­si­ne ba­syp, “iP­ho­ne”-da­ky “Touch ID” aý­ra­tyn­ly­gyn­dan peý­da­la­nyp ýa-da “App­le Watch” ar­ka­ly tö­le­gi ama­la aşy­ryp bol­ýar.