Şwe­si­ýa­nyň “Volvo” kom­pa­ni­ýa­sy­ aw­tou­lag­la­rynyň yg­ty­bar­ly­ly­gy­na aý­ra­tyn üns ber­ýär. Bu ugur­da bir­nä­çe iş­le­ri ama­la aşyr­ýan kom­pa­ni­ýa 2021-nji ýyl­dan baş­lap ön­dü­r­jek ulag­la­ry­nyň ýo­ka­ry tiz­li­gi­niň sa­gat­da 180 km bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Dün­ýä­de tiz­lik çäk­len­di­ril­me­si bol­ma­dyk ýol­la­ryň di­ňe Ger­ma­ni­ýa­da bar­dy­gy­ny göz öňün­de tut­sak, sa­gat­da 180 km tiz­lik hem az däl. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa ula­gyň tiz­li­gi bi­len bag­ly baş­ga teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. My­sal üçin, has­sa­ha­na ýa-da mek­dep ýa­ly tiz­li­giň çäk­len­di­ri­len ýer­le­rin­den ge­çi­len­de, ula­gyň tiz­li­gi­ni aw­to­mat ýag­daý­da pe­seld­ýän ul­ga­my taý­ýar­la­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry öz ön­dü­ren ulag­la­ry­nyň hiç ki­me şi­kes ýe­tir­me­gi­ni is­le­me­ýär­ler.