Ep­len­ýän en­jam­lar ba­ra­da soň­ky wagt­lar­da has köp tä­ze­lik peý­da bo­lup baş­la­dy. Go­laý­da “Le­novo” kom­pa­ni­ýa­sy hem ep­len­ýän te­le­fo­ny we plan­şe­ti köp­çü­li­ge gör­kez­di. San-Fran­sis­ko­da ge­çi­ri­len çä­re­de “Mo­to Z” we “Phab” mo­del­le­ri bi­len bir ha­tar­da, en­tek nus­ga­lyk gör­nü­şi taý­ýar edile­n en­jam­lar hem gör­ke­zil­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň iş­läp dü­zen smart­fo­ny­ny ep­läp, go­şa­ra da­kyp bol­ýar. Plan­şet bol­sa, dik­li­gi­ne ep­len­ýär. Ola­ryň ep­len­me­gi­ni ma­ýyş­gak plast­mas­sa we ek­ran üpjün edýär.

“Tan­go” bi­len iş­le­ýän en­jam
Kom­pa­ni­ýa “Tech World” at­ly çä­rä­niň çäk­le­rin­de “PHAB2 Pro” at­ly plan­şe­ti­ni hem gör­kez­di. Beý­le­ki smart­fo­nla­ryn­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da bu en­jam “Go­og­le”-yň “Tan­go” teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär. Ýag­ny has baý­laş­dy­ry­lan “Hy­ýa­ly ha­ky­kat” teh­no­lo­gi­ýa­sy­na eýe­dir. My­sal üçin, okuw­çy­lar öz ha­ky­ky ulu­ly­gyn­da­ky di­no­zawr­la­ry öz synp otag­la­ryn­da gö­rüp bi­ler­ler. Ola­ry da­şyn­dan aý­la­nyp, has ýa­kyn­dan öw­ren­mek müm­kin bo­lar. Baý­laş­dy­ry­lan “ha­ky­kat” ar­ka­ly ki­çi­jik ýer­de has uly göw­rü­mli zat­la­ry gö­rüp bi­ler­si­ňiz. Ýag­ny bu teh­no­lo­gi­ýa bi­len ýa­pyk ýer­le­riň üç öl­çeg­li kar­ta­sy­ny taý­ýar­lap bol­ýar. Bu teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly “Gui­di­GO” app­li­ka­si­ýa­sy bi­len mu­zeý­le­re ga­ýy­ba­na sy­ýa­hat edip bol­ýar. “PHAB2 Pro” yzy­gi­der­li öw­ren­mä­ge we kä­mil­leş­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän il­kin­ji te­le­fon ha­sap­lan­ýar. “Le­novo”-nyň we­ki­li Jeff Me­re­dit “PHAB2”-ni teh­no­lo­gi­ýa äle­min­de tä­ze baş­lan­gy­jy ýo­la goý­jak ýag­da­ýa ge­tir­mek we ula­ny­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­mek üçin el­ýe­ter­li ba­ha­dan ýe­tir­me­giň ala­da­sy­ny eden­dik­le­ri­ni aýd­ýar. Kompaniýanyň wekili telefonyň di­ňe tä­ze teh­no­lo­gi­ýa eýe bol­mak bi­len çäk­len­män, şol bir­wag­tyň özün­de äh­li ba­bat­da ähli babatda aja­ýypdygyny bel­le­di.

“Tan­go” teh­no­lo­gi­ýa­sy nä­me?
“PHAB2 Pro”-nyň üç ka­me­ra­sy we sen­so­ry bar. Şeý­le­lik­de, gö­zü­miz bi­len gör­ýän daş-tö­we­re­gi­mi­ze hy­ýa­ly ji­sim­ler ýer­leş­di­rip bol­ýar. Şeý­le hem daş-tö­we­re­gi­miz­dä­ki ha­ky­ky meý­da­nyň giň­li­gi­ni ha­sap­lap bol­ýar. On­da esa­san üç ugur – he­re­ke­ti yzar­la­mak, çuň­luk duý­gu­sy we meý­da­nyň skan edil­me­gi bar. Onuň sen­sor­la­ry se­kunt­da 250 müň öl­çeg ama­la aşy­ryp, daş-tö­we­re­gin­dä­ki ji­sim­le­ri ýa­dyn­da sak­la­ýar.
“PHAB2 Pro”-nyň beý­le­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem diý­seň ýo­ka­ry. Onuň bilen dur­mu­şyň her pur­sa­dyn­da ýo­ka­ry hil­li wi­deo­ýaz­gy­la­ry­ al­mak bol­ýar. Ses bi­len bag­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem diý­seň ýo­ka­ry. On­da 4K du­ru­ly­gyn­da wi­deo­ýaz­gy edip bil­ýän 16 MP ka­me­ra, 4GB ýat bar. Şeý­le hem du­ran ýe­ri­niň ýag­ty­ly­gy­na gö­rä, iň ýo­ka­ry hil­li su­rat­la­ry alyp bil­ýär.
Da­ba­ra­da ta­nyş­dy­ry­lan “PHAB2”-niň 13MP ka­me­ra­sy, mik­roSD ar­ka­ly gi­ňel­dip bol­ýan 32 GB iç­ki ýa­dy, 6,4 dýuým HD ek­ra­ny bar.

Ep­len­ýän ek­ran we smart­fon
Örän ýu­ka bo­lan plan­şe­ti dik­li­gi­ne ep­läp bol­ýar. Ony ep­län ma­ha­lyň “Sam­sung Ed­ge” mo­de­lin­de bol­şy ýa­ly, ep­le­nen ýe­rin­de, komp­ýu­te­riň funk­si­ýa­la­ry­na gys­ga ýol bi­len ba­ryp bol­ýan bö­lüm peý­da bol­ýar. 2 GB RAM-y we 16 GB ýa­dy bo­lan en­jam en­tek nus­ga­lyk gör­nüş bo­la­ny üçin o di­ýen owa­dan däl. Ep­len­ýän smart­fo­ny bol­sa, go­şa­ra da­kyp bol­ýar. Bu en­jam ba­ra­da hä­zir­lik­çe köp mag­lu­mat be­ril­me­di. Smart­fon­la­ry sa­tu­wa çy­kar­mak üçin ýe­ne-de üç ýy­lyň ge­rek bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Şeý­le en­ja­my go­laý­da Hy­taý­yň bir fir­masy taý­ýar eden­di­gi­ni mä­lim edip­di. Bu bol­sa şeý­le en­jam­la­ryň sa­ny­nyň art­jak­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Ga­ra­şyl­ýan en­jam hö­dür­len­di
Da­ba­ra­da “Le­novo”-nyň eýe­çi­lik ed­ýan “Mo­to­ro­la” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hem iki tä­ze en­ja­my – “Mo­to Z” hem-de “Mo­to Z Force” gör­ke­zil­di. “Mo­to Z”-niň “Quad HD” du­ru­ly­gyn­da 5,5 dýuým ek­ra­ny hem-de 4 GB RAM-y bar. Onuň iç­ki ýa­dy 32 GB hem-de 64 GB gör­nüş­li bo­lup, ony 2 TB-a çen­li ulal­dyp bol­ýar. Te­le­fo­nyň 5 MP-lik yz­ky ka­me­ra­sy­nyň LED çy­ra­sy bar. En­ja­myň ga­lyň­ly­gy ba­ry-ýo­gy 5,2 mm bo­lan­soň, on­da na­uş­nik da­ka­ra ýer ýok. “Mo­to Z Force” bol­sa, has ýo­ka­ry aý­ra­tyn­ly­ga eýe. Ga­lyň­ly­gy 7 mm bo­lan en­ja­myň yz­ky ka­me­ra­sy­nyň du­ru­ly­gy 21 me­ga­pik­sel. Telefonlaryň sent­ýabr­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­jakdygy habar berildi. Olaryň nyr­hy en­tek mä­lim edil­me­di.