Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugry özara bähbitli hyzmatdaşlyga hem-de bütin dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Munuň düýp özeninde milli Liderimiziň parahatsöýüjilikli daşary syýasaty durandyr. Bu syýasatyň netijesinde, ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri, hususan-da Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýýar. Muňa şu hepdäniň başynda ýurdumyza özüniň ilkinji döwlet saparyny amala aşyran Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň sapary hem aýdyň subutnama bolup durýar.
Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklar özara bähbitlilik hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Hormatly Prezidentimiziň 2011-nji ýylda bu dostlukly ýurda amala aşyran sapary hem-de şol saparyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklar döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ädimine öwrüldi.
Bahreýn Patyşasynyň bu sapary Türkmenistan bilen Bahreýniň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga uly itergi berdi. Bahreýn Patyşasynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde diňe bir döwlet edaralarynyň wekilleri bolman, eýsem, gaz, nebit, himiýa, dokma senagaty pudaklarynda, telekommunikasiýa, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň wekilleri hem bar. Şonuň üçin döwlet saparyna gabatlanyp, paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň guramagynda ilkinji türkmen-bahreýn işewürler forumy geçirildi. Bu arap ýurdunyň köp sanly işewürleriniň ýurdumyza gelmegi hem-de türkmen döwleti bilen hyzmatdaşlyk etmäge bildirýän ýokary gyzyklanmasy Türkmenistanyň döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda gazanýan okgunly ykdysady ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr, ýurdumyzyň ýokary ösüş depgini abraýly halkara maliýe düzümleriniň hem ýokary bahasyna mynasyp bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin Bahreýniň Patyşasynyň şu gezekki sapary şol maksatlara gulluk etdi. Türkmenistan bilen Bahreýn köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýär. Bahreýn Patyşalygy hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlaryny hemişe goldap, bu asylly başlangyçlaryň awtordaşy bolup çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky kabul edilen Rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş edendigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýuldy. Şondan bäri döwletara gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça ösdürilýär. Geljek ýylyň dekabr aýynda diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy belleniler. Şu gezekki ýokary derejeli duşuşyk işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek, söwda-ykdysady we maliýe-maýa goýum ulgamlarynda hem-de ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, hususan-da nebiti gaýtadan işlemek, gazhimiýa, elektroenergetika, himiýa we dokma senagaty, syýahatçylyk, sport, ylym-bilim hem-de beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ýokarlandyrmak babatda täze mümkinçilikleri açdy. Saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boldy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda Bahreýniň Patyşasynyň şu gezekki saparyna taryhy sapar hökmünde garalýandygyny belläp, Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifany ýurdumyzyň “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglamak barada gol çeken Permany türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň has-da berkemeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Gülşat ATAMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.