Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde we beýleki ugurlarda giň gerimli iňňän uly üstünlikler gazanylýar hem-de ýurdumyzyň baý taryhy we medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürilip, ýurdumyz halkara derejesinde geçirilýän iri forumlara we bütindünýä sergilerine yzygiderli gatnaşyp gelýär.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiz soňky ýyllarda Bütindünýä “EKSPO” sergileriniň köp sanlysyna gatnaşdy. Şeýle iri sergileriň nobatdakysy Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriler. Bu sergä Türkmenistan döwletimiz hem gatnaşar we munuň üçin häzirden ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar. “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” şygary astynda geçjek “EKSPO-2020” sergisi üçin ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan yglan edilen halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Tekmil” hususy kärhanasynyň taslama teklibi seçilip alyndy. Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň bölüminiň eýeleýän meýdany 1581 inedördül metre barabar bolar. Şonuň 976 inedördül metrinde iki gatly desga gurlar. Desganyň birinji gatynyň zalynda sanly dolandyryş ulgamy arkaly 3D şekilleriniň üsti bilen ýurdumyzyň taryhy-medeni we tebigy aýratynlyklary, Türkmenistanyň ähli ugurlardaky ykdysady görkezijileri beýan ediler. Ol türkmen, iňlis, fransuz, nemes, rus we arap dillerinde beýan edilýän maglumatlar bilen utgaşdyrylar. Ikinji gatda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi guralar. Bu ýerde işewürlik maslahatlaryny, duşuşyklary geçirmek, medeni çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
Sergi 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreline çenli Birleşen Arap Emirlikleriniň iň köp syýahatçy çekýän şäheri Dubaýda geçiriler. Halkara bilermenleriň çaklamalaryna görä, 6 aý dowam etjek halkara forum üçin Dubaý şäherine 25 milliondan gowrak syýahatçynyň gelmegine garaşylýar. Bu halkara sergä 190-dan gowrak döwletiň gatnaşmagyna garaşylýar. Ine, şeýle giň gerimli serginiň çäklerinde biziň döwletimiziň hem gazanan üstünlikleriniň görkezilmegi daşary ýurtly myhmanlar üçin özboluşly tanyşdyrylyş çäresi bolar.
“EKSPO-2020” Ýakyn Gündogar sebitiniň ilkinji giň gerimli sergisi bolar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bilen Ýakyn Gündogar sebitiniň ýurtlarynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu sergi ýurdumyz bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlara hem-de iri kompaniýalara işewür gepleşiklerini geçirmek üçin örän möhüm hem-de wajyp meýdança öwrüler. Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümeti bu sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin uly tagalla edýär. Serginiň çäklerinde köp sanly çäreler, işewürlik forumlary we duşuşyklar geçiriler, olar şol birwagtda biziň ýurdumyzyň hususyýetçileriniň hem öz önümlerini dünýä bazaryna çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açmagyna ýardam eder.
Häzirki döwürde Bütindünýä “EKSPO” sergileri senagatlaşmanyň nyşanyna öwrülip, ýurtlaryň dürli ugurlardaky gazanýan üstünliklerini açyp görkezmekde açyk meýdança bolup hyzmat edýär. Oňa her gezek millionlarça adam gatnaşýar. “EKSPO” ýöriteleşdirilen sergiler bolup, ol dürli mowzuklar esasynda dünýäniň köp sanly ýurdunyň döwlet eýeçiligindäki pudaklary bilen bir hatarda, hususy pudagyň wekillerini bir ýere jemleýär. 1945-nji ýyldan soňra serginiň guraýjylary diňe tehnologiýa ulgamynda gazanylan üstünliklere ähmiýet bermek bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejesindäki meselelere hem üns berip başladylar. Olaryň hatarynda ekologiýa, energetika, şäherleşme we beýlekiler bar. Soňky gezek halkara derejesindäki sergi 2017-nji ýylda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilipdi.