Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­la­ry, pä­him-paý­ha­sy bi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň her gü­ni, her aýy, her ýy­ly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan hem-de hal­ky­my­zyň buý­san­jy­na öw­rül­ýän ta­ry­hy wa­ka­la­ryň her bi­ri kalp­lar­da gu­wanç duý­gu­la­ry­ny dö­red­ýär. Ro­waç­lyk­ly ýy­ly­my­zyň şeý­le gu­wan­dy­ry­jy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 14-nji few­ral­da Türk­me­nis­ta­nyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy gu­ra­ma­la­ry­nyň we me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gy bol­dy. Bu du­şu­şyk bu ugur­da zäh­met çek­ýän her bir ra­ýa­ty­myz üçin ba­ha­syz ser­paý bo­lup, çäk­siz ru­hu­be­lent­lik dö­ret­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz taryhy çy­ky­şyn­da: “Jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri öz iş­le­ri­ni has-da iş­jeň­leş­di­rip, adam­la­ryň zäh­met, dur­muş hu­kuk­la­ry­ny, dynç al­ma­ga, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni ugur­lar­da dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­ga hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek­de, ýaş­la­ra dur­muş­da my­na­syp ornuny tap­mak­da, şah­sy­ýet hök­mün­de kä­mil­leş­mek­de ýar­dam ber­me­li­dir di­ýip ha­sap­la­ýa­ryn” di­ýip bel­le­di. Şeý­le hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hal­ky­my­zyň bi­te­wü­li­gi­ni we je­bis­li­gi­ni mun­dan beý­lä­gem pug­ta­lan­dyr­mak­da, ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň ara­syn­da, aý­ra­tyn hem ýaş­la­ry­my­zy sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga, sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mä­ge çek­mek, ýaş­la­ry wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de, ösü­şiň mö­hüm şer­ti bo­lan san­ly bi­lim ul­ga­my­na, aý­ra­tyn-da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek tap­gy­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­jeň gat­naş­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­tap geç­di.
Hor­mat­ly P­re­zi­den­ti­mi­ziň ýur­duň sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ry­na, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­na bil­dir­ýän şeý­le uly yna­my, iş­le­mek üçin dö­re­dip ber­ýän şert­le­ri bi­zi mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­me­giň, hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, türk­men hal­ky­nyň ösen şert­ler­de ýa­şa­ma­gy­ny ga­zan­ma­gyň ha­ty­ra­sy­na dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ta­ry­hy we­zi­pe­le­re go­şant goş­mak ug­run­da dö­re­di­ji­lik­li göz­leg­ler, ýo­ka­ry iş­jeň­lik, çuň­ňur sy­ýa­sy dü­şün­je­ler we döw­re­bap jem­gy­ýet­çi­lik ga­ra­ýyş­la­ry bi­len zäh­met çek­mä­ge borç­ly ed­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň: “Biz hal­ky­myz bi­len el-ele be­rip iş­läp, bir mak­sa­da gul­luk edip, ne­sip bol­sa, äh­li mak­sat­la­ry­my­zy we ar­zuw­la­ry­my­zy üs­tün­lik­li ama­la aşy­ra­rys” di­ýip, uly ynam bi­len aý­dy­şy ýa­ly, bu iş­le­riň äh­li­si ag­zy­bir­lik­de, ut­ga­şyk­ly, saz­la­şyk­ly he­re­ket edi­len­de üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bi­ziň hal­ky­myz mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de bi­ti­ril­ýän be­ýik iş­ler, ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler ar­ka­ly has aý­dyň göz ýe­tir­ýär. Çün­ki ata-ba­ba­la­ry­myz “Mak­sat­ly il my­ra­da ýe­ter” di­ýip jaý­dar aý­dyp­dyr­lar. Şun­dan ugur alyp, biz gel­jek­de hem et­ra­by­my­zyň beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry bi­len ag­zy­bir­lik­de zähmet çekip, dür­li çä­re­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­re­ris. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, aras­sa, ha­lal zäh­met çek­mek­li­gi, şeý­le hem täze Pre­zi­den­t Mak­sat­na­ma­sy­ny wagyz etmek bilen, bu mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de has­sa­ha­na­la­ryň, Sag­lyk öý­le­ri­niň, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň, umu­my ­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň, Me­de­ni­ýet öý­le­ri­niň, durmuş maksatly des­ga­la­ryň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, şeý­le hem “Da­şo­guz we­la­ýa­ty­ny 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň” esa­syn­da Da­şo­guz şä­he­rin­de 450 orun­lyk kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň, 150 orun­lyk on­ko­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­sy­nyň gu­rul­jak­dy­gy, bu ba­bat­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler ba­ra­da dü­şün­di­riş iş­ler­ini alyp ba­ra­rys. Goý, “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” şy­gary astynda geç­ýän aja­ýyp ýy­ly­myz ag­zy­bir we dö­re­di­ji hal­ky­my­za şow­lu­lyk­la­ry, uly üs­tün­lik­le­ri we ro­waç­lyk­la­ry ge­tir­sin!

Araz­ber­di Re­je­bow,
Kö­ne­ür­genç et­rap has­sa­ha­na­sy­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy.