Bagtyýar türkmen halkynyň her bir güni uly tutumlara beslenýär. Waspy dillerde dessan, ýüreklere ajaýyp aýdym bolup ornan eziz Watanymyz ösüşlerden ösüşe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen medeniýeti täze basgançaklara galýar. Oba medeniýetini ösdürmek, oba medeniýet öýleriniň işini ýokary derejede ýola goýmak, şeýle-de medeni merkezleriň, teatrlaryň işini has-da kämilleşdirmek – bularyň hemmesi häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki günde gadymyýetden gözbaş alýan türkmen medeniýeti ösüş ýoluna düşdi. Bu bolsa, medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerini täze-täze gözleglere atarýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýip belleýşi ýaly, medeniýetiň ruhy güýji alysdaky illeri ýakynlaşdyryp, dosty dogan edýär. Dünýäniň dürli halklarynyň türkmen medeniýeti, ildeşlerimiziň bolsa, dünýä halklarynyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmagy üçin döwletimiz tarapyndan dürli medeni çäreler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz golaýda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň, şeýle hem medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda halypalary ýatlap, nusgawy şahyrlarymyzyň atlaryny agzady, olaryň döredijiliginden goşgy setirlerini aýdyp geçdi. Türkmenistanyň Gahrymany, tanymal opera aýdymçymyz Maýa Kulyýewanyň adyny Türkmen milli konserwatoriýasyna dakmak, şeýle-de belli alym we döwlet işgäri Myrat Garryýewiň adyny Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine dakmak barada teklip etmegi bolsa, her bir türkmenistanlyny buýsandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň bu duşuşykda eden çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça biziň ýokary okuw mekdebimizde hem meýilnamalar işlenip düzülýär hem-de “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda şol meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin birnäçe çäreler geçirilýär. Goý, ýurdumyzda ylym-bilime giň ýol açýan, ýaşlara halkara derejesinde bilim almaga we işlemäge ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Saparmyrat Saparmyradow,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.