Hormatly Prezidentimiziň: “Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabady ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda, geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyz biziň gözümiziň alnynda täsin hem-de owadan binalaryň hatarlary bilen öz çäklerini has-da giňeltdi. Şol belent ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrdy we türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi” diýen sözleri biziň kalbymyzy buýsanja besleýär.
Aşgabadyň ýerleşýän ýeriniň gadymy Nusaýa golaýdygyny ýatlamak bilen, biziň aýratyn nygtamak isleýän pikirimiz bu ýerleriň ynsan ýaşaýşy hem baý ösümlik dünýäsiniň pajarlap ösmegi üçin juda amatly tebigy şertlere eýedigidir. Gadymy Nusaý topragynda endamy lowurdap duran, toýnagy ýere degmän ýerläp uçýan ahalteke bedewleriniň ýetişdirilendigi mälimdir. Aşgabat türkmen tebigatynyň iň bir joşgunly, iň bir haýyrly künjeginde ýerleşip, bu ýerde ösümlikleriň hem agaçlaryň juda köp görnüşini ösdürip ýetişdirmek mümkin. Şonuň üçinem Aşgabat diňe bir ak mermerli şäher bolman, eýsem, uzak ýyllaryň dowamynda tebigy taýdan baý biodürli landşafty saklanyp gelýän şäherdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ekologiýa taýdan has-da baýlaşdyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň netijesinde bolsa, Aşgabat we onuň daş-töweregi iň bir janly tebigy gözelliklere eýe bolan ýere öwrüldi.
Her ýyl ýurdumyzda, şol sanda Aşgabatda we onuň töwereklerinde täze agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi ekilýär. Nahallar doly boý alýança degerli idegi ýetirilýär. Paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde köp ýyllaryň dowamynda döredilen şunuň ýaly ýaşyl zolaklary synlamaga göz gerek. Bahar gelip, dal-daragtlar öz gözel keşbine eýe bolanda Aşgabadyň döwrebap keşbinde ak mermer bilen ýaşyl reňkli ösümlik dünýäsiniň özboluşly sazlaşygy emele gelýär.
Gür ilatly şäherlerde daragtlaryň we ýaşyl zolaklaryň döredilmegi zerurlykdyr. Çünki daragtlar aýdylyşy ýaly, şäherleriň “öýkenidir”, howany kislorod bilen baýlaşdyrýan tebigy serişdedir. Aziýanyň merjeni adyna mynasyp bolan Aşgabatda döwrebap şähergurluşyk-binagärlik keşbine we landşaft biodürlüligine aýratyn orun berilmeginiň çuňňur manysy bar. Çünki tebigy gözellikler haýran galdyryjy arhitekturany estetiki taýdan baýlaşdyrýar we şäheriň ýaşaýjylarynyň dem alýan howasynyň arassalygyna örän ýokary täsir edýär. Aşgabat bu babatda iň baý şäherleriň hatarynda bolup, ekologiýa taýdan iň arassa, has dogrusy, görelde alarlyk şäherleriň biridir. Bu hakykat diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, dünýä ýüzünde hem aýdyňdyr.
Aşgabat şäherini ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, gurulýan her bir desganyň daş-töweregi ýaşyl zolak bilen baýlaşdyrylýar, agaçlaryň we gülleriň dürli görnüşleri bilen bezelýär. Paýtagtymyzda döredilýän toplumlarynda desgalaryň daş-töweregini ýaşyl meýdançalaryň we dürli daragtlaryň gurşap almagy aýratyn üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa, paýtagtymyzyň howasynyň arassa bolmagynda, gurşawyň gözelligine, ýaşaýjylaryň dynç alşyny arassa howada geçirmegine şert döredýär.
Daşky gurşawyň talabalaýyk päkizeligi, ekologiýa taýdan arassa howadan dem almak ynsan ömrüni uzaldýan şertleriň biri bolup durýar. Aşgabat sözüň doly manysynda durmuşymyzy gözelleşdirýän, ynsan ömrüni uzaldýan ajaýyp künjekdir. Paýtagtymyzyň ýerleşýän tebigy giňişliginde hut şunuň ýaly üýtgeşik gudrat bar. Hormatly Prezidentimiziň ýokary talaplary bilen binagärlik, senagat we durmuş taýdan giň mümkinçilikleriň döredilmegi bilen bolsa, Aşgabat dünýäniň iň bir arassa şäherleriniň birine öwrülýär.
Paýtagtymyzyň tebigy taýdan juda baý şäherdigine şaýatlyk edýän seýilgählerdir seýilbaglaryň ençemesi bar. Geçen аsуryň başlarynda döredilen Aşgabat şäheriniň Botanika bagy şeýle ýerleriň biridir. Bu bagda ösümlikleriň, agaçlaryň we gülleriň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Bu baga paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gezelenje barýarlar. Mekdep okuwçylary üçin guralýan öwrediji usully gezelençler bolsa, has-da täsirli bolýar.
Aşgabady şunuň ýaly iri seýilgäh zolaklarynyň birnäçesi bezeýär. Aşgabady ösdürmegiň baş meýilnamasynda beýleki desgalar bilen bilelikde seýilgähleri, seýil baglaryny kemala getirmek, ýaşyl zolaklary köpeltmek ýaly işlere aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda döredilen “Aşgabat”, “Ylham”, “Arkadag” seýilgählerini muňa mysal getirmek bolar. Bu seýilgählerde hem Aşgabadyň gözel agşamlarynda dynç alýan ildeşlerimiz tebigatyň gymmatly peşgeşinden paýly bolýarlar.
Köpetdagyň eteginde döredilen ýaşyl zolaklaryň, müňlerçe düýp arça nahallarynyň we “Saglyk ýolunyň” başlanýan ýerlerinde kemala getirilen tebigy gymmatlyklaryň belli bahasy ýokdur. Paýtagtymyzyň häzirki tebigy gözelliklerini kemala getirmek, ony ýyldan-ýyllara gorap saklamak we baýlaşdyrmak üçin ummasyz tagallalar edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasy bilen dünýä ýüzünde iň arassa we tebigy taýdan gözel şäherleriň hatarynda tanalýan Aşgabat bagtymyzyň gözbaşydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ildeşlerimiziň bagt şäherini gurýan, geljek nesillerimiziň bagtyýarlygyna umman giňişligini bagyşlaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Meýlis NURSÄHEDOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.