Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar ylmy barlaglara degişli maglumatlary gaýtadan peýdalanmak maksady bilen 2020-nji ýyldan başlap, ähli ylmy makalalaryň tölegsiz ýagdaýda elýeterli edilmegi barada netijä geldi. Bileleşige agza ýurtlar öz kanunçylyklarynda ylmy makalalaryň innowasiýa täsirini nazarda tutmaly bolarlar. Gollandiýanyň bilim, medeniýet we ylym ministriniň orunbasary Sander Dekkeriň ýolbaşçylygynda ÝB-niň ylmy barlaglar we innowasiýa ministrleriniň ählisiniň ses bermeginde bu karar kabul edildi. Dekker öňe sürýän bu başlangyçlarynyň netijesinde, anyk ylalaşyk gazanmaklarynyň özüni diýseň kanagatlandyrandygyny aýtdy. Ol ylmy barlaglaryň we innowasiýanyň ykdysady ösüş we has köp iş ornuny döretmek bilen bir hatarda jemgyýetçilik meselelerini çözmäge-de ýardam etjekdigini aýdýar. Täze düzgün döwlet we bilelikdäki alnyp barylýan ylmy barlaglar baradaky ylmy neşirleriň hemmä elýeterli bolmagyny maksat edinýär. Häzirki wagtda döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän ylmy barlaglaryň netijeleri diňe uniwersitetler we beýleki aň-bilim edaralary üçin elýeterli. Beýleki edaralaryň we adamlaryň olardan peýdalanmagy üçin abunaçy bolmagy talap edilýär. Täze düzgüne görä, lukmanlar hem-de haýsydyr bir zady döretmek isleýänler öz işleri bilen bagly iň soňky ylmy açyşlardan habardar bolarlar.